Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň meýilnamasyndan ugur alyp, talyp ýaşlarynyň arasynda daşary ýurt dillerinde Magtymguly Pyragynyň çeper döredijiligi — nusgawy edebiýatyň paýhas ummany atly metbugat maslahaty geçirildi.
Maslahata Maru-Şahu Jahan gazetiniň wekilleri we Mary welaýatynyň tanymal magtymgulyşynaslary, şahyrlar gatnaşdylar. Olar Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna teswirleme berip, talyp ýaşlar bilen söhbetdeşlik geçirdiler. Maslahatyň dowamynda talyplar Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada daşary ýurt dillerinde çykyş etdiler hem-de şahyryň şygyrlaryny çeper okamakda bäsleşdiler.
Maslahatyň ahyrynda institutyň Kuwwat aýdym-saz topary Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna düzülen birnäçe aýdymlary ýerine ýetirdiler.