Döwlet gümrük gullugy bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi

Döwlet gümrük gullugy bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň edara binasynda Ýaponiýanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edýän Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) Gündogar we Merkezi Aziýa hem-de Kawkaz ýurtlary boýunça bölüminiň müdiri Kenji Ogasahara bilen duşuşyk geçirildi. 7-nji martda bolan duşuşykda Kenji Ogasahara türkmen tarapyna Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmegi üçin gümrük işlerinde hyzmatdaşlygy teklip etdi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenbaşy deňiz portunyň çäginde ýükleri gümrük taýdan resmileşdirme işleri bilen baglanyşykly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň JICA-nyň çäklerinde guralýan okuw maksatnamalaryna gatnaşmagy barada hem pikir alşyldy.

Ýaponiýanyň wekiliýeti JICA bilen Bütindünýä gümrük guramasy bilen bilelikde amala aşyrylýan (Master Trainer Program) okuwyna Döwlet gümrük gullugynyň wekillerini gatnaşmaga çagyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we Ýaponiýa seýsmologiýa gözegçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça taslamany durmuşa geçirýärler
09.11.2017 | 2017-nji ýylyň oktýabry: daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen
23.10.2018 | Tokioda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň hökümet we işewür toparlarynyň duşuşyklary geçirildi
23.11.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
04.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl