Döwlet sirkiniň işgärleri özboluşly we çylşyrymly tilsimli Täze ýyl çykyşlaryny taýýarladylar

Türkmenistanyň döwlet sirkiniň artistleriniň taýýarlan Garjagaz“ atly tomaşasy şahyrana we üýtgeşik owadan çykyş bilen başlanýar. Oňa gatnaşýanlaryň ählisi, balet topary-dagunduz ýaly ak eşikli. Tilsim öwredilen kepderiler medeniýet institutynyň talyby Jeren Şamyýewanyň we tomaşa gatnaşýanlaryň iň ýaşajygy dördünji synp okuwçysy Medine Baýramdurdyýewanyň buýrygyny birkemsiz ýerine ýetirýärler.

Howa gimnastikaçysy Liliana Ýusubowa hem maneže şeýle gunduz ak eşikde çykdy. Ol halkada gümmeziň aşasyna galyp, ol ýerde nepislik bilen çylşyrymly emelleri ýerine ýetirende, tomaşaçylar oňa gözüni aýyrman bakýardylar. Aýagynyň barmaklary bilen halka ýapyşyp, pyrlanyp durka tomaşaçylary mübärekleýän pursady çykyşyň iň dartgynly ýeridi.

Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky orkestr türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerinden bölekleri ýerine ýetirip, sirk artistleriniň çeper ussatlygyna we täze ýyl täsinliklerine özboluşly röwüş berdi.

Elmira Goşaýewanyň tilsim öwreden kelte zenan köýnegi geýdirilen gilşiklije akja pudel güjükleri yzky aýagynda ýa-da öň aýagynda ýöräp, wals tansyny oýnap, tomaşa gelenlere hezil berdiler.

Masgarabazlar Röwşen Meläýew bilen Pena Mämmetgulyýewyň çykyşyna tomaşaçylar gülüp hezil etdiler.

Aziýa ýaňy“ halkara festiwalynyň altyn kubogynyň eýesi, Altyn asyr“ bäsleşiginiň ýeňijisi howa gimnastikaçysy Parahat Orazlyýew sirk gümmesiniň astynda örän çylyşyrmly emelleri ýerine ýetirdi. Ol juda howply emeli ýerine ýetirdi, ýagny aýaklaryny kemere baglap, tomaşaçylary mübärekledi. Oňa, hamala, ýeriň dartylyş güýji täsir etmeýän ýalydy.

Medeniýet institutynyň birinji ýyl talyby Bossan Akmyradowadan: Halka-da näme edip bolar?“—diýip sorasaň,ol belki: Islän zadyňy!“—diýip jogap bererdi. Sebäbi ol ellerine we synasyna halka baryny alyp, olardan olimpiýa nyşanyny, şeýle hem Ýer togalagyny aňladýan töwerek ýasap, bu ýere gelenleriň sag bolsunyna“ mynasyp boldy.

Galkynyş“ toparynyň akrobatlary towsulýan ýüpde çykyş etdiler. Olar diňe bir çeýeligi bilen däl, eýsem ýüpi islän tärlerinde ulanyp, tomaşaçylary haýran etdiler. Bu ýere gelenler olaryň ajaýyp çykyşyny şowhunly el çarpmalar bilen mübäreklediler.

Baýramçylyk çykyşlarynyň ahyrynda Akdag atly sagrysy giň bedew maneže çykýar.Onda Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Pyhy Baýramdurdyýewiň ýolbaşçylygyndaky Galkynyş“ toparynyň artistleriniň birbada dördüsi çapyp barýan at üstünde dürli emel-telsimli oýunlary bilen tomaşaçylaryň göwünlerini awladylar.

Gümmeziň astynda çykyş eden gaýduwsyz Liliana Ýusupowa bu gezek amazonkanyň keşbinde uçup gelýän ýalpak gaplara erk edýän ussat žonglýor bolup çykyş etdi.Altyn asyr“ bäsleşiginiň ýeňijisi Liliana Ýusubowa sirkdäki işiniň daşyndan oba hojalyk uniwersitetinde weterinarlyk ugundan bilim hem alýar.

Aýaz babasyz we Garpamyksyz Täze ýyl bolmaýar ahyry... Şonuň üçinem Medine Baýramdurdyýewa maneže çykyp, şadyýan çagalar aýdymynda baýramyň baş gahrymanlaryny tomaşaçylary mübäreklemäge çagyrýar.Bu ýere gelen oglan-gyzjagazlar hem Medinä goşulýarlar.

Onsoň olar peýda bolýarlar.Aýaz baba tomaşaçylaryň ählisini ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlaýar hem-de: Bir, iki, üç!Arçajyk ýansyn!“-diýen jadyly sözleri aýdandan bezemen arçajyk tomaşaçylaryň şowhunly el çarpmalary bilen ýalpyldap ýanýar.

Ýene degişli makalalar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl
04.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl
10.07.2018 | Türkmen gimnastikaçysy Aziýanyň ýaňy festiwalynyň baýragyna mynasyp boldy
Türkmen gimnastikaçysy Aziýanyň ýaňy festiwalynyň baýragyna mynasyp boldy
Täze ýyl sirk çykyşlary: zehinleriň täsin çykyşlary we sungat jadysy
7-nji gezek çärýek finaldan gaýtdy, çempion ýarym finalda