Döwletara gatnaşyklaryň gerimi giňeldilýär

11-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrarini kabul etdi.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy we Prezident Serjio Mattarellanyň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna bagt, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Bellenilişi ýaly, okgunly ösýän, oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi Italiýanyň daşary syýasat strategiýasyna hem-de tutuş Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň bähbitlerine doly laýyk gelýär.

Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini bu jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi hem-de Italiýa Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny aýtdy, Türkmenistanyň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik esasynda guralýan dostlukly gatnaşyklary we döwletara hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda türkmen-italýan gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, abraýly halkara guramalaryň, düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Muňa durnukly ösüşiň, ählumumy howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlardyr teklipleriň özara goldanylýandygy hem şaýatlyk edýär.

Duşuşygyň çäklerinde gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň barşynda Italiýanyň indi köp ýyllaryň dowamynda Ýewropa giňişliginde Türkmenistanyň möhüm söwda hyzmatdaşy bolup durýandygy bellenildi. Netijeliligi bilen tapawutlanýan bu gatnaşyklaryň giňeldilmegine ykdysadyýetiň hususy bölegi uly goşant goşýar. Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady ösüşiň giň gerimli maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan italýan kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan işleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

***

Şol gün hormatly Prezidentimiz Katar Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al Azbini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Şunda katar tarapynyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, “Açyk gapylar” syýasatyny alyp barýan we Merkezi Aziýa sebitinde hem-de halkara giňişlikde uly abraýdan peýdalanýan Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Katar Döwletiniň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy we ýurdumyzyň däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, ony has-da ýokary derejä çykarmaga we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan wagtyndan bäri geçen ýyllaryň içinde özara hormat goýmak, ynanyşmak we açyklyk ýörelgeleri esasynda gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar türkmen-katar hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmagyň ygtybarly binýadyny emele getirdi.

Döwlet Baştutanymyz we diplomat özara gyzyklanma bildirilýän halkara syýasatyň möhüm meselelerine degip geçmek bilen, parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de ählumumy durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen möhüm başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň ähmiýetini nygtadylar. Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýumlar, ulag we aragatnaşyk, himiýa, dokma senagaty, oba hojalyk pudagy, saglygy goraýyş hem-de ýokary tehnologiýalar ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň wajyp ugry hasaplanýan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy.

***

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Ilçi hormatly Prezidentimize wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň mähirli salamyny we türkmen halkyna rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Diplomat Gyrgyz Respublikasy bilen dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýan Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny belledi.Häzirki döwürde ikitaraplaýyn gatnaşyklar täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine özüniň hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we diplomat hyzmatdaşlygyň köpugurly mümkinçiliklerini nazara alyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar.Bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady ulgamda, üstaşyr-ulag düzümlerinde, energetika, oba hojalygy ýaly pudaklarda, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde, ylym we bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk ugurlarynda iki dostlukly halklaryň abadançylygyna gönükdirilen hyzmatdaşlyk netijeli häsiýete eýedir.

Iki döwletiň Daşary işler ministrlikleriniň derejesindäki yzygiderli gatnaşyklar syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini şertlendirýär.

Özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary uzak möhletleýin esasda ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde dürli pudaklarda, şol sanda işewürlik düzümleriniň ugry boýunça netijeli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine ýardam berýän Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara topara uly orun degişlidir. Şunuň bilen birlikde medeni-ynsanperwer ulgamdaky özara gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň ähmiýeti bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Türkmenistanyň Prezidenti Dohada Kataryň Emiri bilen gepleşikleri geçirdi
Şu gün Serdar Berdimuhamedowyň Katara döwlet sapary başlanýar
Dohada 7 sany ikitaraplaýyn resminama gol çekildi
Türkmenistanyň Prezidenti Kataryň Emiri bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi
Doha şäherinde Türkmenistanyň ilçihanasy açyldy