Döwletjan Ýagşymyradow 34 ýaşady

Döwletjan Ýagşymyradow 34 ýaşady

Özboluşly söweş usuly, ajaýyp üstünlikleri, şahsy häsiýetleri bilen Döwletjan Ýagşymyradow dünýädäki ýüzlerçe müň söweş sungatynyň muşdaklary özüne çekýär. Şu gün 22-nji maýda ýarym agyr agram derejesinde ACA-nyň öňki çempiony, garyşyk söweş sungaty boýunça türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow 34 ýaşady.

Döwletjan Ýagşymyradow Bellatoryň düzüminde çykyş edýän ilkinji türkmen bolmak bilen, öz agram derejesinde guramanyň reýtinginde altynjy orny eýeleýär. 28 gezek oktagona çykan türgeniň şu wagta çenli 20 ýeňşi, 7 ýeňlişi we 1 deňme-deň geçiren tutluşyklary bar.

Döwletjan Ýagşymyradow 1989-njy ýylyň 22-nji maýynda Lebap welaýatynda eneden boldy. Sportuň söweş sungatyna söýgi onda çagalykdan döräp başlaýar we eýýäm 11 ýaşynda karate boýunça çagalaryň arasynda Türkmenistanyň çempiony bolýar. 2009-njy ýylda Ukrainanyň Harkow şäherindäki Milli ykdysadyýet uniwersitetine okuwa girýär.

Professional sportda 2012-nji ýylda adygyp başlaýar. Ol ýarym agyr agramda Berkut Absolýut Çempionatynyň (ACB) we Ahmat Absolýut Çempionatynyň (ACA) çempiony bolup, garyşyk söweş sungaty boýunça Russiýanyň sport guramalarynda meşhurlyga eýe bolan ilkinji türkmenistanly türgendir.

Döwletjan Ýagşymyradow 2022-nji ýylyň 15-nji aprelinde Bellator 277 ýaryşynda braziliýaly Rafael Karwalýodan üstün çykyp, Bellatorda ilkinji ýeňşini gazandy.

Şeýle hem ol 2023-nji ýylyň 11-nji martynda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda geçen Bellator 292 turniriniň çäginde litwaly Žulius Englikasdan üstün çykdy.

Ýadyňyzda bolsa, 2022-nji ýylda aktýorlyk karýerasyna hem başlan türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow türk serialy bolan Kuruluş: Osman filminde hem keşp janlandyrypdy.

Ýene degişli makalalar

Döwletjan Ýagşymyradow indiki söweşini PFL 5 turniriniň çäginde 22-nji iýunda geçirer
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz we Akdepe etraplaryna täze häkimler bellenildi
Türkmenistanyň Prezidenti täze ýolbaşçylary wezipä belledi
14-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ýagşymyradow Nedonyň üstünden gazanylan ýeňişden soňra Türkmenistana dolanýar
Ýagşymyradow Nedo söweşine 10 günden az wagt galdy