Dokma senagaty pudagynyň täze toplumy

25-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda gurlan täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kemala gelen dokma pudagy ileri tutulýan milli bähbitleri hem-de dünýä ykdysady giňişligindäki umumy integrirlenmek meýillerini göz öňünde tutmak bilen, milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşiniň aýdyň mysalydyr.

Diňe soňky birnäçe ýylda pudagyň düzümine dünýä bazarlarynda bu pudakdaky önümçiligiň öňdebaryjylarynyň hataryna çykmak bilen, tebigy çig maldan bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän täze kärhanalaryň onlarçasy goşuldy.Mundan başga-da ýüpegi gaýtadan işleýän hem-de aýakgap fabrikleri, gön işläp bejerýän kärhanalar bar.

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary täze kärhananyň ýanyndaky meýdança gonýar. Ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Sungat ussatlarynyň joşgunly ýerine ýetiren aýdym-sazlary, tanslary bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen salamlaşyp, ýörite gurnalan münbere bardy.

Hormatly Prezidentimiz ýygnananlara ýüzlenip, şu gün biz ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan dokma senagaty pudagynda ýene-de bir täze desganyň Kaka etrabynda ýyllyk önümçilik kuwwaty 5 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işleýän dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin bu ýere ýygnandyk diýip belledi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz dokma senagaty pudagyny ösdürmäge uly üns berýäris. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän, kämil enjamlar bilen üpjün edilen dokma kärhanalaryny yzygiderli gurup, ulanmaga berýäris.

Häzirki döwürde bu pudagyň garamagynda 60-dan gowrak kärhana bolup, olarda 24 müňden gowrak adam zähmet çekýär. Ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, giň görnüşli dokma önümlerimiz bu gün dünýäniň onlarça döwletine eksport edilýär.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, berkarar Watanymyz ak altyna deňelýän pagta çig malyna örän baý döwletdir.Pagta çig malyny rejeli we netijeli ulanmak dokma pudagynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, biz täze gurulýan dokma kärhanalaryna dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň täze ýokary öndürijilikli enjamlaryny we innowasion tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrýarys.

Bu bolsa bereketli türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän pagta hasylyny dolulygyna gaýtadan işläp, dürli görnüşli önümleri öndürmäge hem-de müňlerçe täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär.

Biz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny uly zähmet üstünlikleri bilen dabaraly garşy alýarys. Bu baýram mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde köp sanly iri önümçilik we durmuş maksatly binalary hem-de desgalary dabaraly açyp, ulanmaga berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Dokma toplumynda 1 300 adam zähmet çeker

Täze işe girizilen Kaka dokma toplumy hem iri önümçilik kärhanasy bolup, onuň umumy bahasy 147 850 000 amerikan dollaryna barabardyr.Bu toplumyň önümçilik kuwwaty ýylda 3 650 tonna ýokary hilli ýüplükleri, 12 million inedördül metr dürli görnüşli matalary hem-de 1 million 200 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge ukyplydyr.

Bu iri toplumyň işe girizilmegi bilen, onda 1 300 adam zähmet çeker.

Toplumyň tutýan meýdany 18 gektardan ybarat bolup, onda önümçilik binalaryndan başga-da 2 gatly edara binasy, önümçilik ammarlary, transformator bekedi, ussahana, ýangyn howpsuzlyk binalary, awtoulag duralgalary bar. Şeýle hem bu ýerde işgärlere amatly şertleri döretmek üçin 450 orunlyk naharhana, sport meýdançasy, 2 sany 16 orunlyk myhmanhana ýerleşýär.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, dokma toplumy dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen enjamlaşdyryldy, ýagny bu toplumda Şweýsariýanyň we Ýaponiýanyň ýüplük egriji enjamlary, Belgiýanyň mata dokaýan, Italiýanyň we Germaniýanyň boýag enjamlary hem-de Ýaponiýanyň tikinçilik enjamlary ornaşdyryldy diýip belledi.

Kärhananyň ýokary tehnologiýaly enjamlarynda, esasan, inçe süýümli pagtadan ekologik taýdan arassa, ýokary hilli ýüplükler, olardan boýalan we boýalmadyk nah matalar, şeýle hem daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksporta niýetlenen taýýar tikin önümleri öndüriler.

Bu bolsa ýurdumyzyň içerki bazaryny dürli görnüşli dokma önümleri bilen elýeterli bahalardan üpjün etmäge mümkinçilik berer. Şonuň bilen birlikde önümleriň artýan bölegi Türkmenistanda öndürildi diýen ýazgy bilen daşary ýurtlara iberilip, pudagyň eksport mümkinçiligi artdyrylar.

Milli Liderimiz bulardan başga-da häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda umumy bahasy 151 800 000 amerikan dollaryna deň bolan, önümçilik kuwwaty bir ýylda 3 300 tonna inçe süýümli ýüplügi, 20 million inedördül metr dürli görnüşli matalary hem-de 3 million 500 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge ukyply dokma toplumynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz biz geljekde hem milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan dokma senagatyny ösdürmäge uly üns bereris. Pudagyň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga, içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan dokma önümleriniň önümçiligini köpeltmäge gönükdirilen maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak boýunça zerur işleri geçireris diýip belledi.

Milli Liderimiz çykyşynyň ahyrynda hemmeleri mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Kaka etrabynda gurlan täze, döwrebap dokma toplumynyň dabaraly açylyp, ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden ýene bir gezek gutlap, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez rysgal-döwlet, dokma senagaty pudagynyň işgärlerine bolsa alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen milli dokma senagatynyň ösmeginde möhüm orun eýelejek täze toplumyň toý bagyny kesdi.

Ekologik taýdan arassa önümler öndürilýär

Täze senagat toplumynyň düzümine ýüplük, dokma, boýag, tikinçilik fabrikleri we ýörite barlaghana bölümi bar.

Täze dokma toplumynda ylmyň iň soňky gazananlary we dokma önümçiliginde täzeçil tehnologiýalar ulanylyp, ekologik taýdan arassa önümler öndürilýär. Hünärmenleriň biri milli Liderimize bu ýerde ähli dolandyryş işleriniň awtomatik usulda ýerine ýetirilýändigi we ýörite monitorlar arkaly işiň gidişine gözegçilik edilýändigi barada gürrüň berdi.

Hormatly Prezidentimiz önümçilik ulgamynyň tehnologiýasy we onuň aýratynlyklary, bölümde ornaşdyrylan enjamlaryň ähmiýeti hem-de ýerine ýetirýän işleri bilen gyzyklandy.

Döwlet Baştutanymyz önümçilik tapgyry bilen tanyşdy. Maglumatda fabrikde ýurdumyzda öň öndürilmedik önümiň kompakt-penýe kysymly nah ýüplügiň çykarylmagynyň ýola goýlandygyna, şonuň ýaly-da ýüplügiň garyşyk görnüşlerini çykarmak üçin mümkinçilikleriň döredilendigine üns berildi. Täze görnüşli ýüplükler uly adamlaryň lybaslarynyň, ýokary hilli örme önümleriň, ýorgan-düşek örtgüleriniň we jorap önümleriniň önümçiliginde ulanylýar.

Bu ýerde Şweýsariýanyň meşhur Rieter kompaniýasynyň ýokary öndürijilikli tüýdüji-sazlaýjy we arassalaýjy enjamlar toplumy ornaşdyryldy. Täze tehnikalar ýüplükleriň ýokary hilini we berkligini üpjün edýär. Mundan başga-da, bu kysymdaky enjamlar sanly ulgam arkaly işläp, ýitginiň az bolmagyny, energiýanyň tygşytlanylmagyny we şol bir wagtyň özünde önümleriň ýokary hilli bolmagyny şertlendirýär.

Dokma toplumynyň egirme fabriginde bir ýylda 5 müň tonna inçe süýümli pagta gaýtadan işlenip, kompakt-penýe görnüşli ýokary hilli ýüplükleriň 3 müň 650 tonnasyny, şeýle hem garyşyk ýüplükleri öndürmek mümkinçiligi döredildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz toplumyň dokma fabrigine geldi. Bu ýerde taýýar ýüplükler hil barlagyndan geçirilýär, olaryň berkligi, çeýeligi kesgitlenilýär.

Toplumda täzeçil tehnologiýa esasynda işleýän innowasion enjamlar oturdyldy. Şolaryň kömegi arkaly süýümleriň, ýüplükleriň häsiýetli aýratynlyklary kesgitlenilýär. Bu ýerde öndürilýän önümler halkara ölçeglere doly laýyk gelýär. Bu bolsa matanyň berkligini, olaryň ekologik taýdan arassalygyny üpjün edýär.

Bu fabrikde Germaniýanyň innowasion tehnologiýaly Karl maýer kompaniýasynyň ýüwürdiji we petleýji enjamlary, Belgiýanyň Piсanol kompaniýasynyň kämil enjamlary oturdyldy, şeýlelikde, bu ýerde ýylda 12 million inedördül metr möçberdäki ýokary hilli mata öndürmek mümkinçiligi bar.

Bu ýerde öndürilýän matalar reňk aýratynlyklary, çeýeligi, ýakymlylygy, iň esasy bolsa ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Toplumyň önümleriniň ýokary halkara görkezijilere laýyk gelmegi ýurdumyzyň dokma senagaty kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynda häzirki zamanyň talaplarynyň berjaý edilýändigini görkezýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň boýag fabrigine geldi. Bu ýerde taýýar matalary boýamak üçin niýetlenen kämil enjamlar degişli tertipde oturdylypdyr. Fabrikde işleýän hünärmen milli Liderimize önümçiligiň tehnologiýa ýagdaýy barada gürrüň berdi. Bu ýerde matalar öz görnüşine görä, dürli taýýarlyk işlerinden geçirilip, halkara ölçeglere kybap gelýän görnüşde boýalýar.

Fabrikde ornaşdyrylan enjamlar boýag işleriniň ýokary hilli bolmagyny we Gün şöhlesine durumlylygyny üpjün edýär.Matalaryň hil derejesi olaryň uzak möhletleýin ulanylmagyny, şol bir wagtyň özünde bolsa adam üçin ýakymlylygyny şertlendirýär.

Bu ýerde dürli görnüşli ýörite enjamlarda mata önümçiliginiň häzirki zaman ulgamy hereket edýär. Şolaryň hatarynda Germaniýanyň Monforts we Jagenberg, Türkiýäniň Eliar ýokary öndürijilikli boýag enjamlary önümçilik we hil babatda häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär. Şolaryň kömegi arkaly himiki we boýag serişdeleri zerur mukdarda awtomatik usulda alynýar, dürli boýaglar taýýarlanylýar.

Hünärmen bu ýerde netijeli işlemek ugrunda ýokary derejeli mümkinçilikleriň döredilendigi üçin, hormatly Prezidentimize ähli dokmaçylaryň adyndan hoşallyk sözlerini aýtdy.

Milli Liderimiz toplumda işleýän hünärmenleriň aglaba böleginiň gyz-gelinlerdigini nazarda tutup, bu ýerde zenanlaryň ilkinji guramasynyň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny, onuň gelin-gyzlaryň iş we dynç alyş şertleri, medeni çäreleri guramak bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamalydygyny belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz toplumda işleýän zenanlaryň baýramçylyklar, şanly seneler mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleri guramaga işjeň gatnaşmaklary üçin zerur şertleriň döredilmelidigini, bu ýerde taryhyň dowamynda zenanlaryň zehininden dörän hünäriň döwrebap derejede ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi.

Boýag bölüminde taýýar matalar kesgitlenen möçberde toplanylýar we tikin bölümine ugradylýar. Milli Liderimiz matalaryň toplanylyşy, möçberleri bilen gyzyklanyp, taýýar önümleriň häzirki zamanyň ýokary hil tejribesine laýyk gelmeginiň möhüm talapdygyna ünsi çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň tikinçilik fabrigine geldi we bu ýerde ornaşdyrylan enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary, taýýarlanylan lybaslaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Fabrikde Ýaponiýanyň Juki, Germaniýanyň Veit, Türkiýäniň Astron, Özbilim ýaly dünýä belli kompaniýalarynyň enjamlaryndan ybarat bolan önümçilik toplumy ornaşdyryldy.

Tikin fabriginiň işiniň düzümine lybaslaryň görnüşlerini taýýarlamak hem-de reňk aýratynlyklaryny kesgitlemek we bezeg işleri ýaly ugurlar girýär. Şunda zehinli zenanlaryň döreden milli lybas taýýarlamak däplerine möhüm orun berilýär. Bu ýerde oturdylan enjamlar işi sanly ulgam arkaly alyp barmaga, matalaryň ölçegini, biçüwini we artyk galýan bölekleriniň möçberlerini kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Fabrikde ornaşdyrylan köpugurly we ýöriteleşdirilen enjamlar tehnologik yzygiderlilik arkaly lybaslaryň aýratyn böleklerini, ýakalaryny, ýeňlerini taýýarlaýarlar we olar awtomatlaşdyrylan enjamlar bilen birleşdirilýär.

Soňra taýýar lybaslar ýörite hil barlagyndan geçirilip, söwda bölümlerine ugradylmak üçin gaplara salynýar.

Ýeri gelende aýtsak, fabrigiň ammary bolup, olarda lybaslar üçin zerur möçberdäki ilikler, syrmalar we lybaslaryň nyşanlary saklanylýar. Şeýle hem bu ýerde sarp edijileriň isleglerine laýyklykda, dürli bezegler ýerine ýetirilýär.

Halkara güwänamalar gowşuryldy

Soňra döwlet Baştutanymyz Germaniýanyň öňdebaryjy dokma enjamlaryny öndürýän kompaniýasynyň we Halkara standartlaşdyrma guramasynyň (ISO) sanly ulgam arkaly dabara gatnaşyjylara goşulan wekilleriniň çykyşlaryny diňledi.

Hususan-da, Monforts kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Stefan Flýot Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde gurlan täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak mümkinçiliginiň döredilmeginiň özi üçin uly hormatdygyny belläp hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi we tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Dokma senagaty ministrliginiň täze dokma toplumy üçin Monforts enjamlarynyň saýlanyp alynmagy bizi has-da begendirýär. Kaka we Babadaýhan etraplary üçin enjamlar we soňky taslamalar bilen birlikde Türkmenistanda häzirki wagtda täzeçil enjamlarymyzyň 15-siniň ulanylýandygyna buýsanýarys, geljekde bu möçberiň artdyryljakdygyna ynanýarys diýip, işewür belledi.

Stefan Flýot çykyşynyň dowamynda NeoTek kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekiline Kaka etrabynda gurlan dokma toplumynda Monteх iki sany stabilizirleýji çarçuw liniýasyny, Thermeх we Monforteх boýag liniýalaryny gurnamaga mümkinçilik döredendigi üçin hoşallyk bildirdi.

Dokma timarlaýyş enjamlaryny öndüriji hökmünde Monforts kompaniýasy açyk inli matalaryň dürli görnüşini boýamak we bezemek işleri bilen meşgullanýar, ýörite programmalar üçin çözgütler hödürleýär.Biz häzirki wagtda enjamlarymyzyň az energiýa sarp etmegi, zyňyndylaryň az mukdarda bolmagy we matalary ygtybarly gaýtadan işlemegi bilen bu pudagyň öňdebaryjysy hasaplanýarys.

Biziň kompaniýamyz öz alyp barýan işlerinde Germaniýanyň Mýunhengladbah şäherindäki baş edaramyzyň işiniň hemişe takyk, çalt we ygtybarly bolmagyny baş ýörelgämiz hasaplaýar diýip, Stefan Flýot aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky täze dokma toplumyna Monforized kompaniýasynyň güwänamasynyň gowşurylandygyny bellemek gerek.

Soňra sanly ulgam arkaly SGS kompaniýasynyň daşary ýurtlarda güwälendiriş hyzmatlary boýunça dolandyryjysy Bora Şengül çykyş etdi. Ol Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak mümkinçiligine şatdygyny belläp, hormatly Prezidentimizi we dabara gatnaşýanlaryň ählisini Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

SGS topary önümler we dolandyryş ulgamlary üçin gözleg, synag, barlag we güwänama hyzmatlaryny ýerine ýetirýän dünýä belli kompaniýadyr.Dolandyryş ulgamlaryny ornaşdyrmak we ösdürmek strategik çözgütdir, ol kärhanalara umumy öndürijilige ähli güýçleri jemlemäge, sarp edijileri ýokary hilli önümler we hyzmatlar bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär, munuň özi kärhanadan daşky gurşawy goramak boýunça iň ýokary hil görkezijisini hem-de ygtybarlylygy talap edýär diýip, Bora Şengül aýtdy.

Häzirki wagta çenli Türkmenistanyň dokma toplumy we Türkmenistanyň dokma senagaty ministrligine degişli pagta egriji fabrikleri halkara derejede ykrar edildi we olara ISO 9001, ISO 14001 we OHSAS 18001 güwänamalary gowşuryldy.

Kompaniýanyň wekili Kaka etrabynda gurlan täze dokma toplumyna ISO 9001 we SA 8000 güwänamalaryny gowşurmagyň özi üçin uly mertebedigini aýtdy hem-de toplumyň işlerinde üstünlikler arzuw etdi.

Şeýle hem täze dokma toplumyna önümçilik ulgamynyň ähli tapgyrlarynda zyýanly himiki serişdeleriň ýoklugyny we onuň howpsuzlygyny tassyklaýan OEKO-TEХ Standard 100 güwänamasy gowşuryldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdy, onda täze dokma toplumynda öndürilen, ekologik taýdan arassa ýüplüklerden taýýarlanylan dürli görnüşli taýýar önümler çagalar we ulular hem-de zenanlar üçin niýetlenen egin-eşikleriň köp görnüşleri görkezilýär. Munuň özi ýurdumyzyň dokma senagatynyň milli Liderimiziň tagallasy bilen ösüşiň täze derejesine çykýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyz sergide görkezilýän önümleri synlap, olaryň berkligi, ýakymlylyk derejesi we taýýarlanyş aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Milli Liderimiz häzirki döwürde ýurdumyzda ekologik taýdan arassa çig maldan taýýarlanýan önümleriň öndürilýän mukdarynyň artdyrylmagyna, şol bir wagtyň özünde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň önümçilik kuwwatlyklarynyň ýokarlandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy, şeýle hem täze dokma toplumyna 10 sany täze awtobusyň, ýeňil awtoulagyň we 2 sany ýük awtoulagynyň açarlaryny gowşurdy.

Hormatly Prezidentimize pudagy ösdürmek, ýokary öndürijilikli zähmet çekmek, şeýle hem dokmaçylaryň amatly ýaşaýşy hem-de dynç almagy babatynda şertleri döretmek ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin çuňňur hoşallyk bildirildi.

Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, pudagyň işgärlerini täze desganyň açylmagy bilen ýene bir gezek gutlady hem-de olara berk jan saglyk, işlerinde üstünlik arzuw etdi, dokma pudagynyň hünärmenleriniň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga önjeýli goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky iri dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
22.08.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: dokma senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmagyň öň hatarynda
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: dokma senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmagyň öň hatarynda
Türkmen ykdysadyýetiniň senagat ugry ösýär
Türkmenistanyň dokma pudagynyň infrastrukturasyny innowasion usulda ösdürmegiň aýratynlyklary
Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň çäginde gurlan täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy