DOKMAÇYLARY DÜNÝÄ ÇYKARAN ÝOLLAR

DOKMAÇYLARY DÜNÝÄ ÇYKARAN ÝOLLAR

Halkyň çeperçilik tejribeleriniň nusgalary. Olar, gör, nähili täsin hem gözel. Türkmen tebigatynyň müň bir öwüşginli reňkdar gülgüzarlygy, şabram çeşme-çaýlary, sähradaky şabaz atlary bularyň ählisiniň sungatyň terjime talap etmeýän şirin zybanynda janlanmagy üçin ussadyň jöwher zehini, ukusyz gijeleri gerek.

Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Jemal Saparowanyň türkmen sungatynyň belent sepgitlere ýetmeginde mynasyp paýy bar.Onuň sungat ýoly 7 ýaşyndan başlanýar. Ýaňy emedekleýän çagaka, kakasynyň doganynyň dutaryna maýyl bolup, uklap galýan gyzjagazyň ykbalynyň aýdym-saza baglanjakdygyna ejesi çyn ýürekden ynanýardy.

Ak arzuwlar sahna atygsaýan kalby dolup-daşdyrýardy.Nirede aýdym aýdylsa, saz çalynsa, şol tarapa sary üzülýän ýürek hoş owazdan püre-pürdi.Gyzynyň ahwalyna agras kakasynyň hem ýüregi eräp: Bar gyzym, abraý al, adyma ysnat getirme.

Saparyň gyzy däl, ogly diýdir özüňe diýip, ak pata bermegi onuň sungat älemine aralaşmagyna giň ýol açýar.

Jemal Saparowa 19771980-nji ýyllar aralygynda şol wagtky Türkmenistanyň medeni aň-bilim tehnikumynda okaýar. 1980-nji ýylda bolsa, aýdym-sazy başynyň täjine öwren gyz ene-atasynyň kesbi-kärinden üzňe bolmazlyk üçin Oba hojalyk institutyna okuwa girýär.

Bu ýokary okuw mekdebinde talyp gyz oba hojalygyň tärleri bilen bilelikde, sungatyň inçe syrlaryny hem ele alýar.Institutyň çeper höwesjeňler bölüminde sazanda, guramaçy Akber Gaýdarow, Ýuriý Balýan, Salawat Abdulin, tansçy Wladimir Agajanow ýaly sungat ussatlaryndan tälim alýar.

Sungatyň aýry-aýry görnüşleri köptaraply sungata gözüni açýar.Jemal Saparowa talyp ýyllaryndan aýdymçy hökmünde tanalyp ugraýar.Onuň diňe bir Gaşly ýarynyň özi halk sungatynyň muşdaklaryny kökensiz kökerýär...

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazanylmagy bilen türkmen sungatynyň hem alnyndan ak Gün dogdy.Diňe bir bagşyçylyk ýa estrada sungaty bolman, eýsem, kämil aýdym-saz, tans toparlarynyň döredilmegi döwrüň talabyna öwrüldi.

Asyrlarboýy kämilleşdirilip gelnen halk sungaty dünýäde türkmeniň ýüzüniň tuwagy bolmalydy.Bu babatda edilen işleriň ilkinjisi 1991-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Jemal Saparowa: folklor, etnografiýa, aýdym-saz, tans studiýasynyň açylmagydyr.

Ata Watanyna, ene topragyna jan-dilden söýgüsi Jemal Saparowany täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar.Gözlegleriň netijesi täsin sahna eserleriniň döremegine sebäp bolýar.Halkyň milli saz senetleri bolan dutardyr gyjaga depiň joşgunyny çaýyp, ýerine ýetirilen tanslarda türkmeniň däp-dessury, edim-gylymy, hüý-häsiýeti açylýar.

Barmaklarynyň başyny ýerden üzmän tans oýnaýan edaly gyzlaryň şaýly gupbalary, keşdeli lybaslary türkmen sungatynyň sepgitlerini äleme aýlaýar.

Şol wagt studiýada bary-ýogy 8 sany tansçy bardy. Dört sany gyz bilen şonça ýigit Gyzlar, Heserli, Çapak, Sallanma, Köne güzer, Bilezik ýaly tanslarda her eseriň öz manysyna muwapyk hereketler bilen sungata teşne kalplary tenekar çeşme kimin gandyrýar.

Uly ýoluň menzillerinde Jemal Saparowa hem aýdymçy, hem tans goýujy, hem kompozitor hökmünde halkyň ýüreginde orun aldy. Karkaranyň keşbinde düýpli gyňajyň ýaşmak taýyny börügine ildirip, sahna çykan gelniň joşgunly, belent heňli aýdymlary gaýadan inýän çaýlar kimin ýürekleri joşdurýar. Göwünleri heýjana salan aýdymlara sazlaşdyrybam gözel gyzlar, syrdam ýigitler tans oýnaýar.

Jemal Saparowanyň tans sungatyna özboluşly garaýşy bar.Her bir aýdymyň özüne mahsus manysyny şol tansyň dowamynda tomaşaça ýetirmek maksady ussat bilen şägirtleriň bilelikdäki tagallasyny birikdirýär. Şeýdibem, kämil eser döreýär.

Halyçy gelin tansyny ýerine ýetirmek üçin haly fabrigine telim gezek baryp, tansçy gyzlara dokma daragyň, keseriň, synnynyň ulanylyşyny öwredip ýa-da Gelin tansynda türkmeniň öý bikesiniň un eläp, tamdyra çörek ýapyşyna çenli bilmegini gazanyp, ondan soňra tans oýnatmagy tomaşaçyny sungatyň jadyly dünýäsine çagyrýar.

Ussadyň irginsiz zähmetinden döreýän her bir tans täsin sungat hökmünde kabul edilýär.Gyzlar göteriň sandygy atly Zöhre-Tahyr dessasyndan meşhur aýdymyň wakalarynyň özboluşly beýany sandyga salnan ýigidiň keşbi bilen utgaşýar-da, tomaşaça täsin duýgulary bagyş edýär.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Dokmaçylar medeni merkeziniň Dokmaçylar folklor etnografiýa, aýdym-saz we tans toparynyň düzüminde ýüzlerçe adam zähmet çekýär.Toparyň dörän gününden bäri işleýän Merjen Nurmuhammedowa, Aýjemal Seýitnyýazowa dagy bilen birlikde Annamyrat Hojagulyýew, Ýekaterina Ter-Grigorýan, Berkeli Kakalyýew, Ylýas Ekäýew, Didar Agaýew ýaly onlarça tansçylar bu günki gün ussatlyga ýetişdiler.

Olaryň her biri halypalaryna ýakyn kömekçi hem maslahatçy bolmagy başarýarlar.Tans sungatynyň inçeligi talap edýän täsin tärleri, ýagny her biriniň bir pursatda deň hereket etmegi, diňe bir el ýa aýagyň däl, göz-gaşyň hem deňlikdäki hereketi gaýtalanmajak sungat eserini döretmeli.

Bu hakykatyň hikmeti bolsa, diňe yzygider türgenleşigiň netijesinde aýan bolýar.Bu meselede ussat öz şägirtlerine, olaryň maşgalalaryna tüýs ýüreginden minnetdarlyk bildirýär.Sebäbi tansçylaryň arasynda öýli-işikli ýigitlerem, ýaş çagaly gelinlerem bar.

Sungatyň hatyrasyna çekýän zähmetleriniň ýerine düşmegi üçin olary goldaýan maşgala agzalarynyň hem her biriniň türkmen sungatynyň hak aşyklarydygyna ynanmazlyk mümkin däl.

Gadamyny mukaddes Garaşsyzlygyň gazanylan günlerinden başlan bu toparyň şöhratly menzilleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha rowaç alýar. Ýüzden gowrak aýdym-saz we tans eserleri bilen dünýäniň dürli künjeginde: Türkiýe, Gresiýa, Italiýa, Ispaniýa, Malta, Fransiýa, Russiýa Federasiýasy, Belgiýa, Şwesiýa, Şwesariýa, Ýaponiýa, Hytaý, Nepal, Hindistan, Eýran, Päkistan ýaly döwletlerde daşary ýurtly türkmen sungatynyň muşdaklarynyň tüýs ýürekden alkyşlaryny gazanmaklary hem munuň aýdyň güwäsidir.

Ajaýyp zamanamyzda Arkadag geldi, Ak atynda Arkadag kimin waspnamalary kalbyna nagyş edýän Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowanyň joşgunly aýdymlarynyň heýjanly tanslardaky sazlaşygy türkmen sungatynyň gözel hem nurana keşbidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowanyň ýolbaşçylygyndaky Dokmaçylar folklor etnografiýa, aýdym-saz we tans toparynyň ähli agzalary türkmen medeniýetiniň, sungatynyň dünýä çykmagyna giň ýollar açan Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň döwletli işleriniň elmydama rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärler.

Ýene degişli makalalar

Tegelek stol söhbetdeşligi
Gündogar - inçe syrlarynyň dünýäsi atly dabaraly konserti
Sport teleýaýlymy Merwiň we Altyn asyryň AFK kubogyndaky oýunlaryny göni ýaýlymda görkezer, türkmenistanly zehinler Delfi oýunlaryna gatnaşarlar, Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Aşgabat şäherine geldi we beýleki habarlar
Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi
25-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Bangladeşde bolan gämi heläkçiliginde 7 adam ýogaldy