INTERFAX.RU habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, belli Deere & Co. kompaniýasy oba hojalyk işleri üçin niýetlenen doly öz-özüni dolandyrýan traktory döretdi.
Las-Wegasda geçen sarp ediş tehnikalarynyň, robot tehnikalarynyň we ykjam tehnologiýalar boýunça CES 2022 halkara sergisinde Deere maşynlarynyň 8R goýberilişi bilen jemagat tanyşdyryldy. Ol özbaşdak meýdan işlerini geçirýän traktordyr.
Indi kompaniýa bu traktorlaryň şu ýylyň ahyryndan köpçülikleýin satuwyna girişmekçi.
Häzirki wagtda oba hojalyk işlerinde şeýle traktorlar barha meşhurlyk gazanýar diýip, habarlar gullugy ýazýar.
Bu täzelik bilen bagly Deere kompaniýasynyň paýnamalary şu ýylyň başyndan bäri 8 göterimden gowrak gymmatlady.
