Donbassda od açmazlyk baradaky ylalaşygyň düzgünleri bozulmaga dowam edilýär

Ylalaşyk koordinasiýasy we gözegçilik merkeziniň Donetsk we Lugansk Respublikalarynyň wekilleri tarapyndan berilen beýanatda, Ukrainanyň goşunynyň 2 sagadyň dowamynda Donetsk we Lugansk sebitlerinde 9 aýry ýaşaýyş ýerini bolmalandygy habar berildi.

Şu gün irden başdan geçirilen hadysada toplaryň, bombalaryň we ýaraglaryň ulanylandygy bellenen beýanatda, separatistleriň gözegçiligindäki Kominternowo, Oktýabr, Nowolaspa, Petrowskoe, Weselenkoe, Donetskiý, Zolotoe-5, Nižnee Lozowoe, Sokolniki ýaly ýaşaýyş ýerlerine hüjümleriň guralandygy mälim edildi.

Separatistleriň sosial mediadaky habar çeşmelerine görä, Ukrainanyň goşunynyň hüjümlerine jogap hökmünde resmi Kiýewiň gözegçiligindäki pozisiýalara od açylandygy bellendi, front liniýasynda kadaly ýagdaýyň dartgynlaşandygy beýan edildi.

Separatistler ýagdaýyň hasaba alynmagy üçin ÝHHG-nyň gözegçilik missiýasyna çagyryş berdi.

Beýleki tarapdan Ukrainanyň Baş ştabynyň sosial media hasabyndan bombalanan bir çagalar bagynyň suraty paýlaşyldy.

Russiýanyň tarapdary bolan separatist toparlaryň, resmi Kiýewiň gözegçiligindäki Stanitsa Luganska diýilýän ýaşaýyş ýerini bombalandygy bellenen beýanatda, toplaryň okunyň çagalar bagyna degendigi, wakada asuda ilatdan 2 adamyň ýaralanandygy mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Orsýetiň Ukrainada urşy başlamagyna 3 ýyl boldy. Türkmenistanlylar näme pikirde?
UEFA Çempionlar Ligasynda 3-nji saýlama tapgyryň 1-nji duşuşyklary geçirildi.
DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNY TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA ATLY ÝUBILEÝ MEDALY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär
Russiýa Ukrainanyň Dron Bilen Hüjüm Gurandygyny Habar Berdi
ABŞ Ukraina Godlawyny Dowam Etdirer
Ukraina: "Rus goşuny tarapyndan uçurylan uçarmansyz howa ulaglary ýok edildi" diýdi