Dostlukly Zähmet dermanhanasy saglyk we gözellik harytlarynyň köp görnüşlerini hödürleýär

Dostlukly Zähmet dermanhanasy saglyk we gözellik harytlarynyň köp görnüşlerini hödürleýär

Aşgabatda ýerleşýän Dostlukly Zähmet dermanhanasy müşderilerine tutuş maşgalanyň saglygy we gözelligi üçin peýdaly bolan köpdürli görnüşli harytlary hödürleýär.

Dostlukly Zähmetden derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny, ortopediki önümleri, reabilitasiýa üçin niýetlenen harytlary, ýüze we bedene ideg etmek üçin kosmetika serişdeleri, şeýle hem eneler we bäbekler üçin zerur bolan önümleri tapmak bolýar.

Dermanhananyň assortimenti hemişe Germaniýadan, Awstriýadan, Latwiýadan, Şweýsariýadan, Hindistandan we beýleki ýurtlardan bolan dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň ýokary hilli dermanlary we lukmançylyk önümleri bilen yzygiderli üpjün edilýär.

Dostlukly Zähmet dermanhanasynyň başarnykly hünärmenleri müşderilere gerekli bolan önümleri saýlap almaga hem-de gyzyklandyrýan islendik sowallaryna jogap bermäge hemişe taýýardyr.

Dermanhana şeýle hem Aşgabadyň islendik ýerine amatly eltip bermek hyzmatyny hödürleýär. Aşgabadyň 15-nji tapgyr ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýjylary üçin bu hyzmat tölegsiz amala aşyrylýar. Sargydyň tölegi nagt ýa-da nagt däl görnüşde bank karty arkaly kabul edilýär.

Dostlukly Zähmet bilen özüňiziň hem-de ýakynlaryňyzyň aladasyny ediň!

Habarlaşmak üçin:

Iş wagty: sagat 8:00-dan — 23:00-a çenli (dynç günsüz).

Ýene degişli makalalar

Dostlukly Zähmet dermanhanasy Aşgabadyň 15-nji tapgyrynyň ýaşaýjylaryna mugt eltip bermek hyzmatyny hödürleýär
Dostlukly Zähmet dermanhanasy öý üçin lukmançylyk enjamlarynyň dürli görnüşlerini hödürleýär
Balkanda çilimiň bahasy 25% ýokarlandy
Kerki şäherinde täze, döwrebap dermanhana açyldy
Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň Prezidentine Peşewarda bolup geçen terrorçylyk zerarly gynanç bildirdi, Onlaýn taksi we Duralga ulgamlary birinji ýyllygyny bellediler, Türkmenistanyň Lebap welaýatynda täze dermanhana açyldy we beýleki habarlar
Mary şäherinde täze, döwrebap dermanhana açyldy