Drogba hem-de Koul futbol bilen hoşlaşdy

Fiziki taýdan güýçlüligi bilen tapawutlanýan meşhur hüjümçileriň biri Didie Drogba professional futbol karýerasyny tamamlady. 1978-nji ýylda Kot-d’Iwuarda dünýä inen Drogba 1998-nji ýylda “Le Man” toparynda futbola başlady. 20022003 möwsüminde “Gengamda”, soňra 1 möwsüm “Marselde” çykyş etdi. 2004-nji ýylda özüne uly şöhrat getiren “Çelsä” transfer bolup, 2012-nji ýyla çenli bu toparda oýnady.

Londonlylar bilen Çempionlar ligasynyň kubogyny asmana göteren afrikaly ýyldyz “Şanhaý Şenhua”, “Galatasaraý” klublaryndan soň, 2014-nji ýylda 1 möwsüm ýene-de “Çelsiniň” köýnekçesini geýdi.Karýerasynyň soňky 3 ýylyny ABŞ-nyň klublarynda — “Monreal Impakt” bilen “Finiks Raýzing” toparlarynda oýnady.

Klub karýerasynda 685 oýunda 300 gol geçiren Drogba Kot-d’Iwuaryň ýygyndysynda-da 104 duşuşykda 65 gezek tapawutlandy.Angliýada 4, Türkiýede 1 sapar çempionlyk gazanan Drogba 2 gezegem Afrikada ýylyň futbolçysy saýlandy.

Angliýaly ýarymgoragçy Jou Koul hem 37 ýaşynda futbol karýerasyna soňky nokady goýdy. 1998-nji ýylda “West Hamda” oýnap başlan Koul 20032010-njy ýyllar aralygynda “Çelside” çykyş etdi.

Bu klubda uly meşhurlyk gazanan Koul Angliýanyň “Liwerpul”, “West Ham”, “Aston Willa”, “Kowentri Siti”, 2011/2012 möwsüminde-de Fransiýanyň “Lill” toparynyň köýnekçelerini geýdi. 20162018-nji ýyllarda-da ABŞ-nyň 2-nji ligasynyň wekili “Tampa Bay Rowdies” klubunda çykyş eden Koul Angliýanyň milli topary bilen 56 gezek meýdança çykdy (10 gol).

Ýene degişli makalalar

Sportuň taryhynda şu gün
“Arsenalyň” 100 million funtluk täze transferi
Mançesterde bu gezek ýeňşiň reňki gyzyl
Meşhur, owadan zenan futbolçy ýene-de Angliýa gaýdyp geldi
Ançous Eksportundan 10,1 Million Dollarlyk Girdeji Gazanyldy
Möwlana bagyşlanan ýörite gepleşik