Dubaýda geçiriljek OGT-2023 foruma gatnaşjak 100-den gowrak wekiliýet hasaba alyndy

Dubaýda geçiriljek OGT-2023 foruma gatnaşjak 100-den gowrak wekiliýet hasaba alyndy

Şu günler 2023-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde BAE-niň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça geçiriljek foruma işjeň taýýarlyk görülýär.

Häzirki wagta çenli bu foruma gatnaşmaga isleg bildirýän 100-den gowrak wekiliýet hasaba alyndy.

Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda BAE-niň Hökümetiniň ýokary derejeli wekilleri, iri nebit we gaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem halkara guramalar bar.

Forumda Türkmenistanyň ýangyç we energetika toplumynyň täze maýa goýum taslamalaryny hödürlemek, ýagny 21 we 23 belgili deňiz bloklaryna, Günbatar Çelekene maýa goýumlaryny çekmek, bar bolan ýataklaryň önümçiligini durnuklaşdyrmak, şeýle hem dünýäde ikinji orunda durýan ägirt uly Galkynyş gaz käniniň özleşdirilmeginiň indiki tapgyrlarynyň taslamasyny hödürlemek göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

“Dragon Oil” OGT-2023 halkara maslahatynyň we serginiň göwher hemaýatkäri boldy
Dragon Oil Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023 halkara forumynyň göwher hemaýatkäri boldy
SLB Türkmenistanyň nebiti we gazy halkara maslahatynyň we sergisiniň (OGT 2024) bürünç hyzmatdaşy boldy
Türkmenistan Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen OTC Asia 2026-da energetika hyzmatdaşlygyny giňeldýär
Dubaýda OGT-2023 Maýa goýum forumynyň umumy mejlisi geçirildi
Dubaýda OGT 2023 Halkara maýa goýum forumy öz işine başlady