Dünýä täzelikleri gysga setirlerde…

Gyrgyz Respublikasynda koalision bileleşiginiň täze ýolbaşçysy bellenildi. Degişli karara ýurduň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow gol çekdi. Şeýlelikde, Gyrgyz Respublikasynyň täze premýer-ministri hökümet diwanynyň ozalky ýolbaşçysy Muhammedkalyý Abylgazyýew boldy. Täze hökümet başlygy köpçüligiň öňünde eden çykyşynda ykdysadyýete, maşgalalaryň durmuş taýdan goraglylygyna we biznese goldaw bermäge aýratyn üns berjekdigini mälim etdi.

Tbiliside “Georgian Fashion Group” tarapyndan guralan Moda hepdeligi 20-den gowrak çäräni öz içine alyp, gruzin hem-de daşary ýurtly dizaýnerleriň işläp düzen eşikleriniň täsin görnüşlerini köpçülige hödürledi. Tbilisiniň modalar hepdeligi ýurduň Medeniýet we sport hem-de Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrlikleriniň ýardamy bilen geçirildi.

Çilide dünýäniň iň garry adamy hasaplanýan Selino Wilýanuewa Haramilo 122 ýaşynyň içinde aradan çykdy.Milli statistika institutynda onuň 1896-njy ýylyň 25-nji iýulynda doglanlygyny tassykladylar. Şeýle hem dünýäniň iň garry zenany ýaponiýaly Nabi Tadzima 117 ýaşynyň içinde aradan çykdy. 1900-nji ýylyň 4-nji awgustynda doglan Nabi aradan çykandan soňra, dünýäniň iň garry zenany diýen derejä 1901-nji ýylyň 2-nji maýynda doglan onuň watandaşy Tiýo Miýako eýe boldy.

Swazilendiň patyşasy Mswati III öz döwletiniň adyny Eswatini korollygy diýip, üýtgetmek hakynda karara geldi. Korol bu barada swazi halkynyň Garaşsyzlygynyň 50 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabarada mälim etdi. Ilaty 1,35 milliona barabar bolan Swazilend korollygy Garaşsyzlygyna 1968-nji ýylda eýe boldy.

Şu ýylyň 20-nji maýynda Wenesuelada Prezident saýlawlary geçiriler.Dalaşgärler döwlet ýolbaşçysy wezipesine wagyz-nesihat işlerini geçirmek üçin her gün telewideniýede we radioda çykyş etmek üçin 5-10 minut wagt alarlar. Ýokary döwlet wezipesine häzirki Prezident Nikolas Maduradan başga Luis Alehandro Ratti, “Öwrülişige umyt” hereketiniň wekili Hawýer Bertuççi, “Halk syýasy birliginden” Reýnaldo Kihado we “Öňdebaryjy” partiýasyndan Enri Falkon dagy dalaşgärlik edýär.

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň maslahatynyň dowamynda ýurduň täze premýer-ministri wezipesine Nowruz Mamedow saýlandy. Ýurduň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan teklip edilen Nowruz Mamedowyň dalaşgärligine ähli deputatlar ses berdiler.

Tähranda kinofestiwal öz işine başlap, ol eýýäm 36-njy sapar geçirilýär. Forumyň açylyşynda belli režissýor Majid Majidiniň “Bulutlaryň aňyrsynda” atly filmi görkezildi. Forumyň maksatnamalarynyň biri Eýran kinematografiýasynyň taryhyna bagyşlanyp, oňa şu ýyl 120 ýyl dolýar.

25-nji aprelde Türkiýäniň Antalýa şäherinde howa menziliniň çäklerinde ilkinji gezek “Eurasia Airshow” Halkara awiasergisi öz işine başlady. Bäş günlük çärede 150-den gowrak “howa gämisi” hödürlenýär. Awiaserginiň işine dünýäniň 100-den gowrak ýurdundan 400 töweregi korporasiýa gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmengaz döwlet konserniniň wekili Eýranda nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça pikir alyşdy
Tir aýyň 14-i, Liwanda Eýran diplomatlarynyň alnyp gaçylmagynyň ýyl dönümi hakda
Takht-e Rawançi: Eýran ýadro ylalaşygy üçin gaty gymmat töledi, indi ABŞ we Ýewropanyň nobaty
Yrakda protestçilere od açyldy
Eýran, Ysraýyl režimini we Saud Arabystanynyň agressiw koalisiýasyny çaga hukuklaryny bozýanlaryň sanawyna goşmaýandygy üçin tankytlady
Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň sözlerine we hasabatyna Eýranyň beren jogaby