Dünýä Ulag Hyzmatlary oba hojalygy pudagynda tohumlar, tehnikalar we enjamlar bilen üpjün edýär

Dünýä Ulag Hyzmatlary oba hojalygy pudagynda tohumlar, tehnikalar we enjamlar bilen üpjün edýär

Logistika, syýahatçylyk we bilim pudagyndaky hyzmatlary bilen giňden tanalýan Dünýä Ulag Hyzmatlary kompaniýasy iş gerimini giňeldendigini habar berýär. Indi kompaniýa oba hojalygy pudagynda iş alyp barýan hususy kärhanalary dürli ekinleriň tohumlary, şeýle hem maldarçylyk üçin häzirki zaman enjamlary we tehnikalar bilen üpjün etmekde hyzmatlaryň bitewi toplumyny hödürleýär.

Kompaniýa nämeleri hödürleýär:

- dünýäniň öňdebaryjy öndürijilerinden däne, gök önüm we beýlekiler ýaly dürli oba hojalyk ekinleriniň tohumlary.

- maldarçylyk fermalary üçin süýt ulgamlaryny, iýmit garyjylary, jaýlary arassalamak we dezinfeksiýa etmek üçin enjamlary hem-de beýleki köp sanly zerur zatlary.

Dünýä Ulag Hyzmatlary öňden ygtybarly ýola goýlan halkara gatnaşyklaryna we logistika pudagyndaky tejribesine daýanyp, oba hojalygy pudagynda işewürligi netijeli dolandyrmakda gerekli bolan zerur islendik zatlary howpsuz we tiz wagtda üpjün etmäge taýýardyr.

Dünýä Ulag Hyzmatlary — bu halkara ýük daşamalaryny, iş saparlaryny guramagy hem-de talyplar üçin bilim maksatnamalaryny öz içine alýan ulag we syýahatçylyk hyzmatlarynyň doly toplumyny hödürleýän, tiz ösýän kompaniýadyr.

Habarlaşmak üçin:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Türkmen-bahreýn gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi
ТУРКМЕНИСТАН В ГЛОБАЛЬНОМ ТРАНСПОРТНОМ ДИАЛОГЕ
Türkmen Logistika assosiasiýasy bilen DAI Global LLC özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler
Türkmenistan multimodal üstaşyr ýük daşamalarda rugsatnama bermek boýunça nyrhnamany arzanlatdy
Demirgazyk-Günorta geçelgesinde ýük daşamalarynyň 32 million tonna ýetmegine garaşylýar
Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan ýük daşamalary ösdürmek boýunça kärhana dörederler