Dünýädäki Çaknyşyklarda Asuda Ilatdan Ölenleriň Sany 72 Göterim Artdy

Dünýädäki Çaknyşyklarda Asuda Ilatdan Ölenleriň Sany 72 Göterim Artdy

BMG-niň Baş sekretarynyň Gumanitar işlerden jogapkar orunbasary we Tiz kömek boýunça utgaşdyryjy Joýs Msuýa BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinden geçirilen maslahatda Baş sekretar Antoniu Guterrişiň çaknyşykda asuda ilatyň goralmagy hakyndaky ýyllyk habarnamasy barasynda agzalara maglumat berdi.

Msuýa 2023-nji ýylyň asuda ilatyň çaknyşyklarda goralmagy taýdan agyr ýyllardan biri bolandygyna ünsi çekip, “Hamasyň 7-nji oktýabrdaky hüjümi bilen Ysraýylyň Gazada şol günden bari dowam edýän hüjümleri netijesinde ozal görülip eşidilmedik derejede ölüm, ýumrulma we gam-gussa ýüze çykdy” diýdi.

“Gazanyň halkynyň 75 göterimi mejbury ýagdaýda ýerlerinden jyda düşürildi” dien Msuýa, adam eli bilen emele getirilen gytçylygyň bosagada durandygyny aýtdy.

Joýs Msuýa Gazada onlarça müň adamyň öldürilendigini we “çagalara garşy urşuň” ýüze çykandygyny beýan etdi.

Sudanda-da 2023-nji ýylda elhenç çaknyşygyň bolandygyny ýatladan Msuýa, onlarça müň adamyň öldürilendigini we müňlerçesiniň ýaralandygyny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BRIKS Sammitinde BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY
Ärdogan: BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň gurluşy düýpli özgerdilmeli
BMG-niň Baş sekretary ösüp barýan ýurtlara syýasatda ýeterlik ses berilmeýändigini aýtdy
25-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy we BMG-niň Baş sekretary hyzmatdaşlygyň ösdürilişini maslahatlaşdylar