Dünýädäki iň uly aýsberg eredi

Dünýädäki iň uly aýsberg eredi

Dünýäde iň uly aýsberg hökmünde belli bolan A68 aýsbergi eredi. Ol uly bolmadyk birnäçe böleklere bölündi diýip, pcnews.ru habar berdi.

2017-nji ýylda Antarktikadan bölünip aýrylanda A68 aýsberginiň tutýan meýdany 6 müň inedördül kilometre golaýdy.Munuň özi kiçeňräk bir ýurduň tutýan meýdanyna barabar hasaplanýar.Aýsbergiň ululygy 175-den 50 kilometre çenli bolup, agramy bolsa bir trillion tonna deňdir.

Indi emeli hemralar bu aýsbergiň bütinleý diýen ýaly gözden ýitendigini, onuň hatda yzarlanyňa-da degmeýän köp sanly ownuk-uşak böleklere bölünendigini görkezýär.Aýsbergiň tolkunlar, ýyly suw we Atlantikada howanyň has ýokary temperaturasy sebäpli erändigi bellenilýär.

Aslynda bolsa, alymlar A68-iň şeýle uzak saklanmagynyň özüne geň galýarlar.A68-iň sosial medianyň ýyldyzy bolan ilkinji aýsberg hökmünde ýatda galmagy ähtimal diýip, "BBC" belleýär.Sebäbi häzire çenli adamlar onuň hemradan alnan suratlaryny ýygy-ýygydan paýlaşýardylar.

Ýene degişli makalalar

Kenar balyk önümlerini gaýtadan işleýän türkmen kärhanasy dünýä bazarlaryna çykmagy meýilleşdirýär
ABŞ Atlantika flodyny täzeden gurýar