Dünýädäki mekdepler barada täsinlikler

Norwegiýanyň Makoko jemgyýetiniň ýerli arhitekturasyny we innowasiýa tehnologiýalaryny birleşdirip, “ýüzýän mekdep” taslamasyny düzdüler, bu bolsa sebitdäki bilim meselelerini çözmäge synanyşýar.Mekdep hökmünde ulanyljak bu üç gatly bina 256 sany plastik çelekde dur we üçburçluk prizma hökmünde bezelendir.

Agaç material hökmünde ulanylýar we binalara zerur energiýa Gün panelleri bilen üpjün edilýär.Bu mekdep 100 okuwçy orunly edilip, göz öňünde tutulypdyr.

Ýapon jemgyýetinde arassaçylyga aýratyn üns berilýär. Çagalara kiçilikden diňe şahsy arassaçylyk däl, eýsem, daş-töweregiň hem arassaçylygyna üns berilmelidigi öwredilýär. Okuwçylar öz mekdebini, synp otagyny özleri arassalaýar. Halkara futbol bäsleşiklerinde hem ýapon tomaşaçylaryň stadionda oturan ýerlerini arassalap gaýtmaklary dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýär. Golaýda Katarda geçirilen Futbol boýunça Dünýä çempionatynda hem ýapon tomaşaçylaryň arassaçylyk endikleri köpleriň ünsüni çekipdi.

Germaniýada himiýa, fizika, parahatçylyk we edebiýat boýunça jemi 102 sany Nobel baýragyň eýesi. Germaniýa, esasan hem, ylym pudagynda dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň biri. Ol gözlegleri we oýlap tapyşlary amala aşyrýan ýurt. 1734-nji ýylda esaslandyrylan Gottingendäki Georg-Awgust uniwersiteti alymlary 45 sany Nobel baýragyny alan alymlary ýetişdirdi. Germaniýada mekdebe gelen çagalara “Schultüte” atly galaýy bellikleri (konuslar) berilýär.

Dünýädaki iň gadymy uniwersitetleriň biri Hindistandaky Nalanda uniwersitetidir.Bu uniwersitet 500-nji ýylda döredilip, Marokkanyň Fez şäherindäki Karueein uniwersiteti we Al-Azhar uniwersitetleri ýaly gadymy uniwersitetleriň biridir.Karueein uniwersiteti 859-njy ýylda, Al-Azhar 970-nji ýylda döredilipdir.

Hindistanyň ikinji uly şäheri bolsa Laknow şäherindäki Montessori mekdebi dünýäde iň köp okuwçy bolan mekdepdir.Bu ýerde 32 müň töweregi okuwçy bilim alýar.

Gollandiýada dört ýaşdan uly çaga mekdebe ýazylýarlar.

Braziliýada çagalaryň ejeleri bilen baglanyşygyna köp üns berilýär. Okuw ir sagat 7-de başlaýar we günortan hem tamamlanýar. Okuwçylar ejeleri bilen mekdepde günortanlyk naharyndan soň öýlerine gaýtýarlar.

Italiýanyň Turan şäherindäki iň kiçi mekdebiniň bardygyna buýsanýar. 1088-nji ýylda döredilen Bolonýa uniwersiteti häzirki zaman uniwersitetiniň binýady hasaplanýar.

Şerapat ERGEŞOWA, Çärjew etrabynyň 30-njy orta mekdebiniň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

BRIKS-e agza ýurtlar artýar
Türkmenistan we Günorta Afrika hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar
Türkmenistan Günorta Afrika Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär
Türkmenistanyň daşary işler ministri GAR-yň halkara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Türkmen atlaryna degişli käbir maglumatlar:
19.02.2020 | Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy