Dünýäde Kowid-19 epidemiýasyna ýoluganlaryň sany 104 million 404 müň adama ýetdi

Dünýäde Kowid-19 epidemiýasyna ýoluganlaryň sany 104 million 404 müň adama ýetdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 263 müň adama ýetdi. Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany 104 million 404 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 76 million 283 müň adamdan geçdi.

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 113 adamlyk artyş bilen 154 müň 635 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 11 müň adamlyk artyş bilen 10 million 778 müň 206 adama ýetdi.

Koronawirus epidemiýasynyň gelip çykyşyny derňemek maksady bilen epidemiýanyň ýüze çykan ýeri bolan Hytaýyň Uhan şäherine baran Bütindünýä Saglygy goraýyş edarasynyň işgärleri Wirusologiýa institutynyň laboratoriýasyna baryp gördüler.

Epidemiýa sebäpli 5 müň 794 adamyň ýogalan, 391 müň 626 adamyň hasaba alynan Ýaponiýada, ýurdyň Premýer ministri Suga Ýoşihide Kowid-19-a garşy sanjym edilmek tapgyrynyň aýyň ortasynda durmuşa geçirilmäge başlanmagynyň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Koronawirus sebäpli 1849 adamyň ýogalan we takmynan 160 müň adamyň wirusa ýolugan Palestinada, sanjym işleri başladyldy. Saglygy goraýyş ministrligi sanjym işleriniň ilkinji tapgyrynyň Kowid-19 bejergisi üçin bölünip aýrylan hassahanalaryň agyr keselliler bölüminde işleýän saglygy goraýyş edaralarynyň işgärlerinden başlanandygyny mälim etdi. 2-nji tapgyrda bolsa 60 ýaş we ondan ýokary ýaşda bolanlara we hroniki keselleri bolan adamlara sanjym ediler.

Epidemiýanyň başyndan bäri 14 adamyň ýogalan DKTR-da soňky 24 sagatda ýene-de 62 adamyň wirusa ýolugandygy we şeýlelik bilen wirusa ýoluganlaryň sanynyň ýurtda jemi 2 müň 433 adama ýetendigi aýan edildi.

Epidemiýanyň başyndan bäri 6 müň 383 adamyň ýogalan, 368 müň 639 adamyň wirusa ýolugan Saud Arabystanynda şu günden başlap, dünýäniň 20 ýurdynyň raýatlarynyň ülkä girmeklerini bes etdi.

Yrakda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 13 müň 68 adama, Kowid-19-a ýoluganlaryň sany bolsa 621 müň 755 adama ýetdi.

Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany Omanda 1532 adama, Kuweýtde 960 adama, BAE-de 866 adama, Bahreýnde 376 adama, Katarda 249 adama ýetdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen atlary döwlet birleşigi ýokary we ýörite orta bilimli hünärmenleri işe çagyrýar
Germaniýada Kovid-19 Epidemiýasy Agyrlaşýar
MÖWSÜMLEÝIN KESELLERDEN GORANYŇ!
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekili saglyk görkezmelerini berjaý etmegine ünsi çekdi
ABŞ-da Omikron Sebäpli 1600-dan Gowrak Uçar Sapary Bes Edildi
koronawirusyň ýagdaýy