Dünýäde Palestina Goldaw Ýörişleri Geçirilýär

Dünýäde Palestina Goldaw Ýörişleri Geçirilýär

Dünýäniň çar tarapynda Palestina goldaw bermek üçin geçirilýän ýörişler dowam edýär.

Demirgazyk Makedoniýanyň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Gostiwar şäherinde palestinalylary hatyralama çäresi geçirildi.

Çärede, Gaza şehitleri bilen birlikde dünýäniň çar tarapyndaky şehitler üçin Gurhan okaldy we doga edildi.

Juma namazyndan öň geçirlen çärä köp sanly adam gatnaşdy.

Marokkoda hem müňlerçe adam Ysraýylyň hüjümlerine sezewar bolýan Gaza Sektoryna goldaw bermek üçim köçelere çykdy.

Marokkodaky jemgyýetçilik guramalarynyň çagyryşy bilen ýurduň çar tarapynda Juma namazdan soň ýöriş geçirildi.

Ýörişlerde Palestinanyň baýdagy bilen birlikde janyna kast edilen Hamasyň syýasy lideri Ismail Haniýeniň suratlary göterildi.

Ýemende hem müňlerçe adamyň gatnaşmagynda Palestina goldaw ýörişi geçirildi.

Paýtagt Sanada, Husileriň çagyryşyny laýyklykda geçirlen ýörişde “Ýemen berk garşy durýar. Hökmany suratda ýeňiş gazanarys” diýlen şygarlar aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Hizbullahyň Baş Sekretary Ysraýyla Hüjüm Gurajakdygyny Beýan Etdi
Günbatarly Ýurtlarda Palestina Goldaw Ýörişleri Geçirildi
“Palestina Goldaw Ýörişiniň Geçirilmegine Rugsat Berilmezligi Ikiýüzlü Çemeleşmedir”
Bosniýa-Gersegowinada, Palestina Goldaw Ýörişi Geçirildi
Madridiň merkezinde müňlerçe Aýazbabalaryň ylgawy geçdi
ABŞ-da, Ysraýylyň Hüjümlerine Garşy Protest Ýörişi Geçirildi