Dünýäniň dört künjeginden Türkiyä ynsanperwer kömekler gelmäge dowam edýär

Dünýäniň dört künjeginden Türkiyä ynsanperwer kömekler gelmäge dowam edýär

6-njy fewralda başdan geçirilen 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerden soň, Gollandiýanyň hökümeti Türkiyede we Siriýada ýer titremede zyýan çeken adamlar üçin azyk, suw, derman we ýaşaýyş üçin goşmaça 10 million ýewro ýardam beriljekdigini habar berdi.

Türkiyäniň Gaaga şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Selçuk Ünal, Twitterden beren beýanatynda: "Häzirki wagta çenli Gollandiýadan 19 müň gyzdyryjy, 2 müň 200 generator, 816 çadyr, 32 ýorgan, 620 tonna egin-eşik, 231 tonna lukmançylyk enjamlary Kahramanmaraş, Adana, Hataý we Gaziantep welaýatlaryna gönüden ugradyldy" diýip mälim etdi.

Ispaniýada ýygnalan we Türkiyä ugradylan kömekleriň mukdary 71 tonnadan geçdi.

Watikanyň resmi ýaýlym organy "Vatican News" kanaly tarapyndan berilen habara görä, Katolikleriň ruhany lideri we Watikanyň Döwlet ýolbaşçysy Papa Fransisk ýer titremede zyýan çeken adamlar üçin 10 müň termal içki egin-eşik ugratdy.

Termal içki egin-eşikleriň Kilis welaýatyndaky bosgun düşelgesine ugradylandygy beýan edildi.

Grek halkynyň häkimlikleriň, sebitiň gubernatorlyklarynyň we tapawutly guramadyr-edaralarynyň üsti bilen Türkiyede ýer titremede zyýan çeken adamlar üçin ýygnan ýorganlary, gyzdyryjylary, arassaçylyk serişdeleri we dermanlaryň ilkinji tapgyry gämi bilen Pire portyndan ýola çykdy.

Halkara Energiýa agentliginiň Ministrler geňeşiniň maslahatynda takmynan 40 ýurduň Energetika ministrleri Asyryň Betbagtçylygy hökmünde häsýetlendirilen güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremelerden soň, sebite goldaw beriljekdigi barada söz berdiler.

Beýik Britaniýa Türkiyä we Siriýa 25 million sterling täze goşmaça kömek bukjasynyň beriljekdigini habar berdi.

Demirgazyk Makedoniýada Yslam Birligine degişli Skopýe müftüliginiň çägindäki metjitlerde ýer titremeler üçin 157 müň 620 ýewro nagt pul kömegi ýygnaldy.

Yragyň Kürt Awtonomiýasyndaky talyplar haýyr-sahawadyň çäginde ýygnan 15 müň dollaryny Türkiyäniň Erbil şäherindäki Baş konsullugynda ýer titremede zyýan çeken adamlar üçin açylan bank hasabyna ýatyrdylar.

Kataryň Muzeýler edarasy Türkiyede we Siriýada ýer titremede zyýan çeken adamlar üçin çagalaryň we skaut toparlarynyň gatnaşmagynda ýardam kampaniýasyny geçirýär. Kataryň Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň hyzmatdaşlygynda "Olar üçin umyt bol" ady bilen ýurduň paýtagty Doha şäherinde geçirilen kampaniýanyň çäginde haýyr-sahawatçylar nagt pul kömegi bilen birlikde, egin-eşik, ýorgan, süýt, konserwirlenen iýmit, lukmançylyk enjamlary we oýunjak ugratdylar.

Ýurtlaryndaky takmynan 20 million ilatyň 1 göterimini emele getirýän Zambiýaly musulmanlar ýer titremede zyýan çeken adamlar üçin 100 müň dollar nagt pul kömegini ýygnadylar.

Serbiýanyň paýtagty Belgrad şäherinden we ilatynyň aglabasy bosniýaly bolan Sanjak sebitinden Türkiyede ýer titremede zyýan çeken adamlar üçin taýarlanan azyk önümleri daşaýan ýük ulaglary ýer titremäniň başdan geçirilen sebite tarap ýola çykdy.

Ýene degişli makalalar

Dünýä liderleri we halkara guramalar Gazadaky hüjümi ýazgarýarlar
Goranmak ministri 18-nji Mart Şehitler güni mynasybetli geçirilen çärä gatnaşdy
Prezident Erdogan, Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň Başlygyny Kabul Etdi
Prezident Erdogana Gutlag Telefonlary Gelmäge Dowam Edýär
Prezident Erdogan, Mesrur Barzanini Kabul Etdi
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Eder