Dünýäniň ilkinji antibakteriýal telefony

Dünýäniň ilkinji antibakteriýal telefony

CAT kompaniýasy dünýäniň antibakterial telefonyny tanyşdyrdy. “S42” atly telefonyň daşynyň gatlagy mikroblaryň ýaýramagynyň öňüni alýar.Smartfonyň indiki ýylyň başynda satuwa çykaryljakdygy mälim edildi.Telefonyň daşynyň ýörite gatlagyny “Biomaster” atly şereket taýýarlapdyr. “ISO 22196” halkara standartlaryna gabat gelýän telefony akyp duran suwuň aşagyna tutup ýuwup bolýar. “Biomaster” bu telefon üçin kümüş goşundyly örtük taýýarlapdyr.

Kümüş ionlar telefonyň ýüzündäki mikroblaryň ýaýramagynyň öňüni alýar. Şeýle hem bu örtük telefonyň daşyndaky mikroblary aýyrýar.Telefonyň ekrany “Corning Gorilla Glass 5” goragy bilen gaplanypdyr. Öň tarapdaky kamera 5 MP durulygynda surata düşürýär.

Mundan başga-da telefon ugra hem çydamly bolup, 1,8 metrden polat tekizlige gaçanynda haýsydyr bir zeper ýetmejekdigi aýdyldy.Telefona 1,5 metr çuňlykdaky suwda 35 minuda çenli duranynda hem hiç zat bolmaýar.

Telefonyň bahasynyň 299 dollar boljakdygy habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabat şäherinde AFC Grassroots Football Day 2021 atly çagalaryň futbol festiwaly geçirildi
Boltdan soň 100 metrde garaşylmadyk täze çempion
Maryda çagalar üçin futbol festiwaly geçirildi
TFF Balkanabatda çagalaryň arasynda futbol baýramçylygyny geçirdi
Türkmenistanda AFC Grassroots Football Day 2022 çagalar futbol festiwaly geçirildi
Aşgabatda çagalaryň Grassroots futbol festiwaly geçirildi
Dünýäniň iň owadan ýüzli 100 zenany