Dünýäniň iň belent binasynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy şekillendirildi

Dünýäniň iň belent binasynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy şekillendirildi

Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi dünýäniň iň belent binasy bolan Burj-Halifada ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň şekilini bermek arkaly gutlady.

Şol gün bu ýere gelen ýüzlerçe syýahatçylar Türkmenistanyň Döwlet baýdagy şekillendirilen binanyň öňünde surata düşdüler.

Birleşen Arap Emirliklerinde bu däbe üç ýyldan bäri eýerilýändigini ýatladýarys.

Burj-Halifa binasy Dubaý şäherinde ýerleşýär. Onuň beýikligi 828 metre ýetýär. Bina 163 gatdan ybaratdyr. Bina 2010-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda açyldy. Onda myhmanhana, ýaşaýyş jaýlary we söwda merkezleri bar.

Ýene degişli makalalar

Dubaýyň täsin suw çüwdürimleri
Dünýä 2025-nji ýyla "Hoş geldiň" diýdi
Gurluşygy gaýtadan dikeldildi
Türkmenistanly pensioner maşgala iki sany uly bolmadyk ýyladyşhanada limon ösdürip ýetişdirýärler, Jebelde täze halkara howa menziliniň gurluşygy başlandy, Lewandowski Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda Bawariýa garşy oýnar
Dünýäniň iň çalt hereket edýän liftleri
Tebigat döredijiligiň ylham çeşmesi
“Terrorçylaryň Hinlerini Derbi-Dagyn Edýäris”