Dünýäniň iň gadymy futbol ýaryşynyň finalynda ilkinji Mançester derbisi

Dünýäniň iň gadymy futbol bäsleşigi bolan Angliýanyň FA Kubogy ýaryşynda finala çykan toparlar belli boldy. Ýaryşyň finalynda ilkinji gezek Mançester şäheriniň wekilleri “Siti” bilen “Ýunaýted” duşuşar.

Londondaky “Wembley” stadionynda geçirilen ýarym final oýunlarynda “Mançester Siti” 2-nji ligada çykyş edýän “Şeffild Ýunaýtedi” Riýad Mahreziň het-trigi (43 p, 61, 65) bilen 3-0 hasabynda ýeňip, 12-nji gezek finala çykdy.

Kubogy soňky gezek 2019-njy ýylda eýelän “Mançester Siti” topary mundan öňki 11 finalyň 6-synda ýeňiş gazanypdy. Ýaryşyň çäginde şu möwsümde oýnan 5 duşuşygynda 17 gol geçirip, ýeke gol hem geçirtmedik “Mançester Siti” 57 ýyldan soň gol geçirtmän finala çykan ilkinji klub boldy.

Soňky gezek 1965/66 möwsüminde “Ewerton” gol geçirtmezden finalda oýnapdy.

Ýarym finalyň beýleki duşuşygynda-da “Mançester Ýunaýted” bilen “Braýton” duşuşdy.Oýnuň esasy hem-de goşmaça wagtynda hasap açylmady. Ýeňijini penalti urgulary kesgitläp, “Mançester Ýunaýted” 7-6 öňe saýlanyp, 21-nji gezek adyny finala ýazdyrdy. “Mançester Ýunaýted” FA Kubogyny eýelemekde 12 ýeňiş bilen “Arsenaldan” soň (14) 2-nji ýerde barýar. “Mançester Ýunaýted” taryhynda 3-nji gezek 1983-nji we 1994-nji ýyllardan soň hem Liga Kubogynda, hemem FA Kubogynda finala çykdy. “Ýunaýted” fewral aýynda oýnalan Liga Kubogynyň finalynda “Nýukasly” ýeňipdi.

Ýaryşyň 152 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek finalda Mançester derbisi oýnalar. “Mançester Siti” bilen “Mançester Ýunaýted” toparlarynyň arasyndaky bu taryhy final 3-nji iýunda “Wembley” stadionynda geçiriler we duşuşyk 19:00-da başlar.

Ýene degişli makalalar

Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
“Çelsi”, “Arsenal”, “Tottenham”, “West Ham”… Londonyň klublary ýaryşdan çykdy
5-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
“Al-Ahli” “Premier Liganyň” ýene bir oýunçysyny transfer etdi
Ýyldyzlaryň täze mesgeni “Saudi Pro Liga” (habar-seljeriş)
Ronaldonyň çempionatdaky gollarynyň sany 9-a ýetdi