Dünýäniň iň garry awtobus sürüjisi

Tehas ştatynyň Uiçito-Fols şäherinde ýaşaýan 95 ýaşly amerikaly Reýmond Heýger 18-nji noýabrda doglan gününi belledi.Doglan gün dabarasy oňa resmi taýdan dünýäniň iň garry awtobus sürüjisi diýlip Ginnesiň rekordlar kitabyndan orun almagyna sebäp boldy.

Ol häzirki wagtda hem işlemegini dowam etdirýär we entäk pensiýa çykmagy meýilleşdirmeýär.Sebäbi ol her aýda 1 gezek lukmançylyk barlagyndan geçýär we lukmanlar oňa işlemegini dowam etdirmek üçin sagdyndygyny aýdýarlar. Ýaşuly Heýger özünde sürmäge bolan höwesiniň we ukybynyň ýaşlykda ýüze çykandygyny, 14 ýaşyndaka fermada öz maşgalasyna kömek edýändigini, pagtany gaýtadan işleýän zawodlara daşamak arkaly sürüjilik ukybynyň şol wagtlar göwnüne ýarandygyny şäher ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygynda gürrüň berýär.

Heýger 1998-nji ýyldan bäri şäher awtobuslaryny dolandyrýar.Ol bu işini höwes bilen ýerine ýetirýär, ýagny ruluň başynda bolmak, ýolagçylar bilen gepleşmek oňa diýseň ýakymly.Heýgeriň maksada okgunlylygyň we gujurlylygyň mysalyna öwrülendigini, ýaşuly sürüjiniň ýaşynyň çäklendirme hökmünde däl-de, eýsem, tejribäniň we parasatlylygyň alamaty hökmünde kabul edilendigini Uiçito-Fols şäheriniň häkimi Şort belleýär. Şol günden bäri hem ýolbaşçylar tarapyndan onuň doglan güni “Reýmond Heýgeriň güni” diýlip yglan edildi.

Mährem BABAMYRADOWA, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby,

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Ýene degişli makalalar

11-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Dürli pudaklarda ulanylýan kuwwatly tehnikalar
Mirziýoýew we Rahmon Türkmenistanyň Prezidenti bilen üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine geldiler, belarus žurnalistleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna bagyşlanan mediaforuma çagyryldy we beýleki habarlar
ABŞ-da Söwda Merkezinde Guralan Hüjümde 2 Adam Ýogaldy
Şumaher, Fanhio, Wettel, Hamilton dagynyň hataryna goşuldy
“Amazon”-yň täze hyzmatlary