Dünýäniň iň gowy peýniri belli boldy

“World Cheese Awards” baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy Portugaliýanyň Wizeu şäherinde geçirildi.Bu ýyl bäsleşige 47 ýurtdan 4 müň 786 peýnir hödürlendi. “Euronews.com”-yň habaryna görä, iň gowy peýnirleri 40 ýurtdan 240 emin agzasy dört kriteriýa: daşky görnüşi, gurluşy, ysy we tagamy boýunça kesgitledi.

Goýun süýdünden taýýarlanan portugal peýniri “Queijo de Ovelha Amanteigado” dünýäniň iň gowy peýniri diýlip ykrar edildi.Ol ýumşak, kremli we ýagly tagamy bilen tapawutlanýar.Bu peýnir Serra da Gardunýadaky “Quinto do Pomar” kompaniýasy tarapyndan öndürilýär.

Bu peýnir, degişlilikde, ikinji we üçünji orny eýelän iki şweýsar peýniri “Tea Fondada” we “Alpenhorn Mifroma”-dan öňe geçip, “World Cheese Awards” dabarasynda sanawyň başyny çekdi.Finalda Braziliýadan, ABŞ-dan, Norwegiýadan, Italiýadan, Germaniýadan we Ispaniýadan jemi 14 peýnir öňe saýlandy.

Portugaliýa 2021-nji we 2023-nji ýyllarda hem bäsleşigiň ýeňijisi bolupdy. /* custom css */ .td_uid_15_673dd171aa89a_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_673dd171aa89a_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Oppozision blogçy Farhat Durdyýewe Türkiýeden Türkmenistana ugradylmak howpy abanýar 
Aşgabatda italýan suratçylarynyň sergisi açylar
Türkmen režiminiň tankytçysynyň ejesini haj zyýaratyna goýbermediler, ýene-de
Daluw kärhanasy Türkmenistanda Ýewropanyň ýokary hilli ýyladyş pollaryny gurnap berýär
Türkmen režiminiň tankytçysynyň ejesini haj zyýaratyna goýbermediler, ýene-de
Türkmen raýatlary türk wizasyny almak üçin geljekde şikaýat emejegine kepil geçmeli