Dünýäniň iň gymmat brendleri

Visual Capitalist kompaniýasy 2024-nji ýylyň iň güýçli kompaniýalaryny mälim etdi.Bu brendler diňe öz iş alyp barýan pudagynda däl, şol bir wagtyň özünde dünýä bazaryndaky beýleki brendlere hem täsir edýär.

Sanawda tehnologiýa kompaniýalarynyň öňdeligi eýeleýändigini görmek bolýar.Birinji ýeri Apple eýeleýär.Bazar bahasy 3,099 trillion dollar bolan kompaniýa tehnologik ekoulgamy bilen sanly hyzmatlar pudagyna uly täsir edýär.

Ikinji we üçünji ýeri Microsoft hem-de Google eýeleýär.Bölek söwda pudagynda iş alyp barýan Amazon dördünji, smartfon öndürmegi bilen tanalýan Samsung bäşinji ýeri eýeleýär.Walmart, TikTok/Douyin, Facebook, Deutsche Telekom we ICBC ilkinji onlugy jemleýär.

Eziz NURMYRADOW, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby. /* custom css */ .td_uid_15_67655e7194e7f_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67655e7194e7f_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

“Walmart” wirtual programma enjamlaryny hödürleýär
Dünýäniň iň täsirli brendleri
Kakada saklanan adam tussaglykda öldi
Türkmenistanda Internet çäklendirmeleriniň gerimi ýene-de 'giňäp başlady', näme üçin şeýle bolýar?
Ýaşaýjylar Aşgabadyň II Jahan urşy baradaky 'pozisiýasyny' sorag astyna alýarlar
Öýlere baýdak asmaklyk talap edilýär, iri sosial hasaplar 'baýdak wideolary bilen çaýkalýar'