Dünýäniň iň owadan aeroportlary

Ýygy-ýygydan iş saparyna, syýahata we gezelenje gidýänler howa menzillerinde köp wagt geçirýärler.Aeroportlaryň ululygyna we işjeňligine görä, olaryň ýolagçylara hem-de myhmanlara hödürleýän hyzmatlarynyň hili hem ýokarlanýar.

Howa menzillerine diňe bir ugra barýan ýolagçylar däl, eýsem, uzak aralyga barýan, bir uçardan düşüp, beýlekisine münýän (üstaşyr) ýolagçylar hem barýarlar. Şeýle ýagdaýda ýolagçylara dürli hyzmatlar hödürlenýär.Ululygy, içki we daşky bezegi, söwda merkezleri, restoranlary, garbanyşhanalary bilen tapawutlanýan aeroportlar baradaky gysgaça maglumaty siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

Wankuwer, Kanada. Dürli milletleriň ýaşaýan ýeri bolan Kanadanyň Wankuwer şäheriniň merkezinden 12 kilometr uzaklykda ýerleşýän howa menzili her ýylda ortaça 30 million ýolagça hyzmat edýär.

Bu ýerde 56 awiakompaniýanyň ofisi ýerleşýär.Uçarlar Wankuwer howa menzilinden dünýäniň 127 şäherine göni gatnawy amala aşyrýarlar. Özboluşly bezegi bolan aeroportda sungat eserleriniň sergileri hem guralýar.Howa menzilinde tölegsiz Wi-Fi hem-de goş saklamak hyzmaty hödürlenýär.

Dubaýyň halkara aeroporty, BAE. Dünýäniň iň iri syýahatçylyk merkezleriniň biri bolan Dubaýyň halkara aeroporty iň köp ýolagçyly howa menzilleriniň biridir. Giňligi bilen tapawutlanýan bu aeroport salgytsyz dükanlarynyň (Duty Free) köp bolmagy bilen ünsi özüne çekýär. Howa menzili binadaky gezelenç we ylgaw ýodalary, VIP salonlary, garbanyşhanalary bilen dünýäniň iň meşhur aeroportlarynyň hataryna girýär.

Kuala-Lumpur halkara aeroporty, Malaýziýa. Ýurduň paýtagty Kuala Lumpurdan 45 kilometr uzaklykdaky Sepang şäherçesiniň çäginde ýerleşýän halkara aeroport Günorta-Gündogar Aziýanyň iň işeňňir howa menzilleriniň biridir.

Döwrebap binagärligi bilen ünsi özüne çekýän howa menzili iki bölümden ybarat bolup, içinde kiçiräk şaglawuk we guşlaryň saýraşýan bagy bar.Giň aeroportyň desgalarynyň arasyndan otly gatnawy hem hereket edýär.

Pekiniň halkara aeroporty, Hytaý. Bu aeroport her ýylda 78 million ýolagça hyzmat edýär. Iňlis binagäri Norman Foster tarapyndan taslamasy işlenip düzülen howa menzili owadanlygy bilen tapawutlanýar. Girelgesindäki Ýer şaryny saklap duran aždarhalaryň şekili diňe bir aeroportyň däl, eýsem, şäheriň hem simwoly hasaplanýar. Bu howa menzilinde dynç almak üçin otaglar we suşi restoranlary bar.

Şiphol aeroporty, Niderlandlar. Ýurduň paýtagtyndan 17 kilometr uzaklykda ýerleşýän howa menziliniň içinde sungat muzeýi bar. Bu howa menzilinde uçuş gijä galan ýagdaýynda ýolagçylara tölegsiz hyzmatlar edilýär. Şeýle-de, bu ýerde köp sanly dükanlar hem bar.

Mýunih aeroporty, Germaniýa. Şäher merkezinden 20 kilometr uzaklykda ýerleşýän aeroport birnäçe gezek halkara baýraklara mynasyp boldy. Döwrebap binagärlik aýratynlygy bilen ünsi özüne çekýän howa menzili üstaşyr ýolagçylaryň köp düşleýän ýerleriniň biridir.

Inçhon aeroporty, Koreýa Respublikasy. Adybir şäheriň çäginde ýerleşýän howa menzili ýurduň iň uly aeroportydyr.Paýtagt Seuldan 48 kilometr uzaklykda ýerleşýän howa derwezesi 700 müň inedördül metr meýdany eýeleýär.

Arassaçylyk babatda dünýäniň öňdebaryjy aeroporty bolan bu merkeziň binagärliginde döwrebap äheň bilen bir hatarda milliligi hem görmek bolýar.Bu ýerde ýolagçylara tölegsiz içimlikler hödür edilýär.Terminallarynyň arasynda otly gatnawy bolan bu aeroport birnäçe gezek dünýäniň iň gowy howa menzili diýlip saýlanyldy.

Çangi aeroporty, Singapur. Günorta-Gündogar Aziýanyň iň uly howa menzilleriniň biri bolup, tölegsiz Wi-Fi bilen bir hatarda, myhmanlary 600-den gowrak internetli kompýuter bilen üpjün edýär. Şeýle hem bu ýerde söwda merkezleri, kinoteatrlar, bambuk tokaýy, orhideýa bagy, şaglawuk, kebelek bagy bar.

Eger-de üstaşyr ugra barýan ýolagçylar 5 sagatdan köp garaşmaly bolsalar, Singapura tölegsiz gezelenç hem guralýar.

Gonkong halkara aeroporty, Hytaý. Şäheriň howa menziliniň ýolagçylaryň ösen isleglerini kanagatlandyrmagy üçin 1998-nji ýylda onuň täze binasy açyldy. Halkara howa menzili her ýylda 60 milliondan gowrak ýolagça hyzmat edýär. Bu ýerde beýleki aeroportlardaky hyzmatlardan tapawutlylykda golf meýdançasy, kinoteatr we tölegsiz playstation oýny hödürlenýär.

Hitrou aeroporty, Angliýa. Her ýylda 75 million ýolagça hyzmat edýän howa menzili, esasan, Ýewraziýadan Amerika barmak isleýän ýolagçylaryň soňky duralgasy hasaplanýar. Şäher merkezinden 24 kilometr uzaklykda ýerleşýän aeroport yklymara uçuşlaryň amala aşyrylýan esasy aeroportlarynyň biridir. Aeroportyň 5 terminaly bolup, olaryň arasynda özi äkidýän ýöreýän ýodalar bar.

Ýene degişli makalalar

26.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin sport çärelerine hem-de täze halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
13.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2018-nji ýyl: Ulag we aragatnaşyk
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2018-nji ýyl: Ulag we aragatnaşyk
Saud Arabystanynda iki kilometrlik gökdirän gurmakçy bolýarlar
Hytaýyň DIM-i: Türkmenistan “Bir guşak-bir ýol” taslamasynda Hytaýyň esasy hyzmatdaşydyr
Türkmenistan we Hytaý energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maksat edinýärler