Dünýäniň iň owadan zenany saýlandy

Dünýäniň iň owadan zenany saýlandy

Plastiki hirurg dünýäniň iň owadan zenanynyň adyny mälim etdi. Ol “Ýewany öldürip” teleserialynda oýnan aktrisa Jodi Komer boldy. Bu barada ITV habar berýär diýip, www.unian.net belleýär.

Londondan lukman Julian De Silwa gözleg işini geçirdi we onuň esasynda iň owadan adamy kesgitlemek bolýar. Munuň üçin “altyn kesişme” düzgünine ýüzlenmek ýeterlikdir. Onuň düýp mazmuny ýüzüň ýa-da bedeniň 1,618 san bilen gatnaşygy näçe ýakyn boldugyça, adamyň şonça-da owadan bolmagynda jemlenýär. Netijede, britaniýaly aktrisa Jodi Komeriň daş keşbi ideala 94,52% ýakyn boldy.

Dünýäniň iň owadan zenanlarynyň reýtinginde birinji orny eýelän Komerden başga-da, lukman beýleki meşhur adamlary-da synagdan geçirdi. Şeýlelikde, ikinji orny 94,37% aktrisa Zendeýa eýeledi, üçünji 94,35% bilen supermodel Bella Hadid boldy. Olaryň yzyndan aktrisa Ember Herd (91,85%), aýdymçy Ariana Grande (91,81%) we pop ýerine ýetiriji Teýlor Swift (91,64%) gelýär.

Ýene degişli makalalar

Deňagramlyk gözlegleri. Ukrainada iki ýyl dowam eden uruş Merkezi Aziýany nähili özgertdi?
Futbol täzelikleri
Birinji orna geçdi
Golden Horn Brass türk kwinteti “Anadoly owazlary” bilen tanyşdyrdy
“Buker” baýragynyň uzyn sanawy
“Buker” baýragynyň uzyn sanawy