Dünýäniň iň uly pişigi

Dünýäniň iň uly pişiginiň eýesi Uill Pauers pişiginiň özbaşdak gapyny açmagy we stola ýapyşyp naharlanmagyň hötdesinden gelýändigini gürrüň berýär. Bu barada “Daily Star” neşiri ýazýar.

Fenrir atly pişigiň eýesi Uill Pauersiň aýtmagyna görä, ol günsaýyn ösýär. Eýesi pişigiň mundan artyk ösmezligi üçin onuň iýmitini çäklendirmeli boldy.

-Ol gaty ulaldy, özem nahardan ýüz öwrenok, şoňa görä, ony naharlamagy çäklendirmeli bolduk – diýip, Uill Pauers gürrüň berýär.

Uilliň aýtmagyna görä, onuň pişigi aýaklaryna galyp gapyny açmagy ýa-da stola direnip naharlanmagy başarýar. Galyberse-de Fenrir dünýäniň öý pişikleriniň iň äpeti hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizildi.

Ýene degişli makalalar

Prezidentiň Kubogyna Anafoly Efes Eýe Boldy
Trendýol Super Liganyň 27-nji hepdesi tamamlandy
Eýranda Ýer Titredi
Trendýol Super Liganyň 28-nji hepdesi tamamlandy
Trendýol Super Liganyň 29-njy hepdesi tamamlandy
Trendýol Super Liganyň 30-njy hepdesi tamamlandy
Fenerbahçe Opet 7 Ýyl Soň Çempion Boldy