Dünýäniň iň uly tolkun elektrik bekedi gurlar

Türkiýäniň Gara deňziň kenaryndaky Ordu şäherinde tolkundan elektrik energiýasyny öndürýän beket gurlar.Taslamany Şwesiýanyň “Eco Wave Power” hem-de “Oren Ordu Eneas” türk kompaniýasy ýerine ýetirer.

Desganyň tolkundan energiýa öndürýän iň uly beket bolmagyna garaşylýar.Desganyň önümçilik kuwwaty 77 MWt bolar.Gurluşygyň bahasy, takmynan, 150 million dollar bolar.Bu ýerde elektrik energiýasyny öndürmek üçin ýel we joşgun-gaýtgyn hadysasy sebäpli emele gelýän suwuň hereketinden peýdalanylar.

Desga suwuň ýüzünde ýerleşýän polat gurluşlardan ybarat bolar. Ýokary galýan suw turbalar arkaly generatoryna ugrukdyrylar.Taslamanyň gurluşygy birnäçe tapgyrda amala aşyrylyp, ilkinji nobatda, önümçilik kuwwaty 4 MWt bolan desga gurlar.

Bu desga taslamanyň dowam etmegi üçin synag bolar.Oňyn netije alnan ýagdaýynda taslama giňeldiler.

Häzirki wagtda beýleki tebigy çeşmeler bilen bir hatarda tolkundan hem energiýa almak üçin dürli taslamalar işlenip taýýarlanýar.Bu ugurda synag işleri geçirilýän hem bolsa, tolkundan energiýa alýan iri desgalar o diýen köp däl.

Tolkundan energiýa alýan dünýädäki ilkinji täjirçilik maksatly desga “Islay LIMPET” 2000-nji ýylda Şotlandiýada gurlup, milli energiýa toruna birikdirildi. 2008-nji ýylda Portugaliýada hem şeýle desga açylýar.Bilermenler kenarýaka şäherlerinde şeýle desgalaryň energiýa önümçilik mümkinçiliginiň ýokarydygyny belläp, energiýa durnuklylygyny üpjün etmäge ýardam etjekdigini belleýärler.

Merjen Allaberdiýewa,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ylmy-önümçilik merkeziniň, fotoelektrik özgerdijiler tehnologiýasy bölüminiň tehnigi.

Ýene degişli makalalar

04.10.2018 | Türkmenistanda Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň mejlisi geçirilýär
Türkmenistanda Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň mejlisi geçirilýär
04.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl
28.11.2019 | Türkmenistan Ýewraziýanyň telekommunikasiýa aragatnaşyk merkezine öwrülýär
Türkmenistan Ýewraziýanyň telekommunikasiýa aragatnaşyk merkezine öwrülýär