Dünýäniň iň uly uçary synag uçuşyna taýýar

Önümçiligi 1980-nji ýyllarda ýola goýlan “Antonow” uçarlary häzire çenli iň uly uçar bolmagynda galýar. “Airbus” kompaniýasynyň doly gurlup gutarylmadyk laýneri “Antonowlardan” uly hem bolsa, ol diňe öz kompaniýasy tarapyndan ulanylýar we bary-ýogy dört sanysy bar.

Emma bu rekordlaryň täzelenmegine garaşylýar. 2015-nji ýylyň awgustynda “Stratolaunch Systems” şereketi äpet howa gämisini öndürjekdigini mälim edipdi.Golaýda uçaryň ilkinji nusgasynyň synag uçuşyna taýýardygy mälim edildi. Äpet uçarda 6 sany “Boeing 747”-niň hereketlendirijisi bar. 226 tonna ýük daşamaga niýetlenen uçar bir gezekki uçuşda 3704 kilometr ýol geçip bilýär.

Kosmos gämilerini daşamaga niýetlenen uçaryň dizaýnyny “Scaled Composites” şereketiniň hünärmenleri işläp taýýarlapdyr.Uçar iki sany “Boeing 747”-niň birleşdirilmegi bilen ýasalypdyr.Onuň ganatlarynyň giňligi 117 metre ýetýär.

Bu bolsa, iň uly ýolagçy uçary hasaplanýan “Airbus A380”-iňkiden 38 metr uzyn diýmegi aňladýar.Uçaryň öňümizdäki on ýylda önümçilige taýýar boljakdygy aýdylýar.Täze howa gämisi raketalaryň sarp edýän ýangyjyny azaltmaga ýardam eder.

Ýene degişli makalalar

Halkara ulag-logistika hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar
26.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin sport çärelerine hem-de täze halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
"Putin we Tramp gizlin ýagdaýda ylalaşmady"
Türkmenistan üstaşyr howa gatnawlary babatda hyzmatdaşlygy berkidýär
Türkmenistan üstaşyr howa gatnawlary babatda hyzmatdaşlygy berkidýär
13.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2018-nji ýyl: Ulag we aragatnaşyk