Düýpli abatlaýyş geçirilen teplowozlar ýük daşamak işlerine girişdi

Düýpli abatlaýyş geçirilen teplowozlar ýük daşamak işlerine girişdi

Ýük dolanşygynyň möçberini artdyrmak we düýpli abatlaýşa degişli bolan teplowozlary abatlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Demirýollary açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň lokomotiw öndüriji zawodynyň CRRC Ziyang Co., Ltd. kompaniýasynyň arasynda şertnama baglaşdy.

Baglaşylan şertnama laýyklykda, 20 sany ýük teplowozy öndüriji zawod şertlerinde Hytaýda düýpli abatlandy we häzirki wagtda olaryň ählisi ýurdumyza getirildi. Bu ýük teplowozlary işe girizilip, üstaşyr, eksport, import ýüklerini daşamakda ulanylýar.

Teplowozlarda düýpli abatlaýyş işleriniň geçirilmegi olaryň hereketiniň we çekijilik kuwwatynyň artmagyna hem-de iş öndürijiligiň ýokarlandyrylmagyna itergi berdi.

Düýpli abatlaýyş işleri geçirilen teplowozlarda döwrebap we häzirki zaman enjamlaryň ornaşdyrylmagy bilen, olarda ýükleriň uly möçberde we uzak aralyklara daşalmagyna mümkinçilik döretdi.

Bu barada https://railway.gov.tm saýty habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen demirýollary kyn synaglary 'başdan geçirýär', işçiler iş şertlerinden nägile bolýar
Iş orunlarynyň 'meýilleşdirilýän' kemeltmeleri etniki azlyklaryň wekillerini uly alada goýýar
Mogilýowyň wagongurluşyk zawody Türkmenistanyň bazaryna ornaşmagy maksat edinýär
Bakuda ulag-logistika we söwda-ykdysady ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Balkanly mugallymlardan çagalar sagaldyş merkezlerine ýollanmalary satyn almak üçin’ pul ýygnalýar
GELJEGE UZAÝAN NURANA ÝOLLAR