Düýşleri ýazyp alýan we täzeden dikeldýän tehnologiýa Russiýada işlenip düzüldi

Düýşleri ýazyp alýan we täzeden dikeldýän tehnologiýa Russiýada işlenip düzüldi

Russiýada düýşleri ýazyp alýan we täzeden dikeldýän tehnologiýany döretdiler. Onuň kömegi bilen görülýän düýşleri toparlara görä tapawutlandyryp bolar. Çaklanylyşy ýaly, bu tehnologiýany 2025-nji ýyla çenli ulanyp başlarlar. Bu barada Russia Today-iň maglumatlaryna esaslanyp, moya-planeta.ru saýtynda ýazylýar.

Bu tehnologiýa adamyň düýşdäki täsirlerini gaýtadan dikeldip, ony toparlara (romantiki, ýakymly, ýakymsyz, gorkuly) bölüp biler. Ýöne onuň görlen şekilleri bolşy-bolşy ýaly janlandyryp biljekdigi hakynda entek hiç zat aýdylanok.

Kelle beýnide suratlary täzeden dikeltmek bilen bagly gözegçilikleri geçirýän Milli tehnologiýa başlangyçlarynyň hünärmenleri 2019-njy ýyldan bäri bu taslamanyň üstünde işleýärler.Düýşleri tanamak boýunça täze tehnologiýanyň esasynda elektroensefalografiýa we neýroulgamyň işi durýar.

Haçan-da, beýni örän ýokary işjeňlikde bolanda, beýniniň tiz uky böleginde düýş görmek hadysasy peýda bolýar.Bu bölegi göz almasynyň hereketlerinden, adamyň tiz-tizden alýan deminden we ýürek urşundan kesgitlemek mümkin.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň Daşary işler ministri: Biz raketalarymyzy hakyky söweşde synagdan geçirdik
Bagaýi: Amerika we onuň käbir ýaranlary BMG-niň Düzgünnamasyny iň uly bozýanlaryň hataryndadyrlar
Pezeşkýan: Özara ynam milletleriň arasynda parahatçylygy we durnuklylygy kepillendirer
Aragçy: Amerika ynamdar däl
Lawrow: Ýewropanyň Eýrana garşy hereketleri diplomatiýada utanç lekedir
Eýran: ABŞ-nyň Wenesueladan söwda gämileriniň hereketine päsgel bermek boýunça hereketi deňiz garakçylygydyr
Orsýet: HAEG we Eýran ylalaşyga gelip bilerler