Duplantis Bubkanyň 26 ýyllyk rekordyny täzeledi

Ýeňil atletika boýunça geçirilýän Göwher liga (Diamond League) ýaryşynyň nobatdaky tapgyrynda taryhy rekord goýuldy.Bäsleşigiň Rimde geçirilen tapgyrynda syrykly bökmekde açyk meýdançadaky dünýä rekordy täzelendi. Şwesiýaly 20 ýaşyndaky Armand Duplantis 2-nji synanyşygynda 6,15 metr beýiklige böküp, rowaýaty Sergeý Bubkanyň 26 ýyllyk rekordyny täzelemegi başardy.

Bubka 1994-nji ýylda Italiýanyň Sestrier şäherinde geçirilen ýaryşda 6,14 metrlik beýiklige böküp, rekord goýupdy. Şu möwsümde 8-nji gezek 6 metrden ýokary bökmegi başaran Duplantis bu ugurda-da öz rekordyny ösdürdi.

Duplantis şu ýylyň fewral aýynda-da ýapyk desgada 6,18 metr beýiklige böküp, fransiýaly Reno Lawilýeniň rekordyny hem täzeläpdi. Ýeri gelende aýtsak, Halkara ýeňil atletika federasiýasy açyk meýdançadaky hem-de ýapyk desgadaky rekordlary birleşdiripdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Global Gateway forumyna gatnaşýar
120 ýaşady
Massanyň ýerine Sirotkin
Ýeňil atletika boýunça Dünýä çempionatynda tamamlanan ýaryşlaryň ýeňijileri:
Hamilton ýurdunda ýeňiş gazandy