Durnukly ösüş boýunça syýasy forum

Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) howandarlygynda şu ýylyň 9-njy iýulynda badalga alan durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli syýasy forum 18-nji iýula çenli dowam eder. Halkara jemgyýetçiligi açlygyň hem-de garyplygyň öňüni almak ugrunda alyp barýan göreşinde oňat netijeler gazanýar. 2030-njy ýyl üçin öňde goýlan durnukly ösüş maksatnamalaryna ýetmek üçin ýene-de tagallalary birleşdirmek we dessin hereket etmek zerurdyr diýlip, BMG-niň Täzelikler saýty habar berýär.BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda geçirilýän forumda çykyş eden Baş sekretaryň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary Lýu Çženmin 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş maksatnamalaryna ýetmek üçin ýene-de 12 ýylyň galandygyny ýatladyp, özgerişlikleriň göz öňünde tutulan gün tertibiniň maksatlaryny durmuşa geçirmegiň mümkindigini belledi.Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli syýasy foruma dünýäniň ençeme ýurdundan hökümet wekilleri bilen bir hatarda hususy pudagyň hem-de raýat jemgyýetçiliginiň wekilleri hem gatnaşýar.

Forumda BMG-niň Baş sekretarynyň her ýylky beýanaty esasynda durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşylýar.Foruma gatnaşyjylar durnukly ösüşiň 17 maksadyna ýetmek üçin has ygtybarly we netijeli ýoly bilelikde tapmak babatda özara pikir alyşmalar geçirýär.Gürrüň adamzat ösüşiniň 2015-2030-njy ýyllary öz içine alýan döwri üçin “ýol kartasyny” durmuşa geçirmek barada barýar.

BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) başlygy Mari Çatardowanyň aýtmagyna görä, öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin hökümetler bilen bir hatarda raýat jemgyýetleri, hususy pudaklar, bilim we beýleki jemgyýet gatlaklarynyň wekilleri bilen ysnyşykly gatnaşyklar alnyp barylýar.Mälim bolşy ýaly, golaýda Türkmenistan hem 2019 2021-nji ýyllar üçin EKOSOS-yň agzalygyna saýlandy.

Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň esasy gulluklary we ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy strategik gatnaşyklar esasynda gurap, häzirki döwürde BMG-niň 9 düzüminiň agzasy bolup durýar we olaryň çäklerinde degişli işleri amala aşyrýar.

Baýrammyrat ALTYÝEW, S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

20.07.2019 | BMG Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýerine ýetirilişi boýunça Türkmenistanyň Meýletin milli syny bilen tanyşdyryldy
Nýu-Ýorkda DÖM-yň ýerine ýetirilişi boýunça Türkmenistanyň Meýletin milli syny bilen tanyşdyryldy
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli Ýaşyl tugum al-asmanda pasyrda! atly sergisi
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
HALK MASLAHATY — DÖWLETLILIGIŇ NUSGASY