Durnukly ykdysady ösüş — halkyň abadan durmuşynyň kepili

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň giň gerimli özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda ähli pudaklar boýunça ileri tutulýan wezipeler we önümçilik meýilnamalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň durmuş-ykdysady ösüş görkezijileri, özleşdirilmegi meýilleşdirilýän maýa goýumlaryň möçberi şu ýylyň 13-nji fewrаlynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul edilen Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda kesgitlenendir.

Ýene degişli makalalar

AHALTEKE BEDEWI TÜRKMENIŇ BUÝSANJY HEM ŞÖHRATY
Garaşsyzlyk beýik ösüşleriň gözbaşy
Behişdi bedewlerimiziň dünýädäki abraýy belende galýar
Ahalteke bedewi türkmeniň buýsanjy hem şöhraty
Türkmen sungaty dabaralanýar
Ýurtlary ýakynlaşdyrýan medeniýet