Duşenbe sammitinde gury ýerdäki ulag ulgamy we ýaşlar syýasaty boýunça möhüm resminamalara gol çekiler

Duşenbe sammitinde gury ýerdäki ulag ulgamy we ýaşlar syýasaty boýunça möhüm resminamalara gol çekiler

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy 14-15-nji sentýabr günleri Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçiriler. Bu barada Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin mälim etdi diýip, Sputnik habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň başlyklygynda geçiriler.

Jenap ministr Sirojiddin Muhriddin Duşenbe sammitinde resminamalar toplumyna gol çekiljekdigini, şolaryň arasynda iň esasysynyň döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasy boljakdygyny habar berdi. Şeýle-de gury ýerdäki ulag ulgamy we ýaşlar syýasaty boýunça hem möhüm ähmiýetli resminamalara gol çekiler.

Şol bir wagtyň özünde Duşenbe şäherinde Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisini hen geçirmek meýilleşdirilýär. Onuň dowamynda birnäçe resminamalara hem gol çekilmegine garaşylýar.

Ýeri gelende bellesek, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň ilkinjisi 2018-nji ýylda Astana (Gazagystan) şäherinde geçirilipdi. 2021-nji ýylyň awgust aýynda Awaza milli syýahatçylyk zolagy Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygyny kabul edipdi.

Ozal 9-10-njy awgustda Duşanbe şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrlikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda döwlet Baştutanlarynyň Täjigistana amala aşyrjak sapary boýunça maslahatlaryň geçirilendigini habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň we Täjigistanyň daşary işler ministrleri Duşenbe duşuşygy barada pikir alyşdylar
R.Meredow Duşanbede Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Duşanbede Täjigistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Täjigistana barar
Türkmenistan iň arzan benzinli ýurtlaryň sanawynda 7-nji orny eýeledi, Tölegde AŞTU-nyň hyzmatlaryny tölemek mümkinçiligi döredildi, Nazir Habibowyň täze albomy we beýleki habarlar
Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana saparynyň meýilnamasy maslahatlaşylýar