Duşenbede Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli sergi guraldy

Duşenbede Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli sergi guraldy

Muzeýleriň halkara güni mynasybetli Täjigistan Respublikasynyň Milli muzeýinde geçirilen Muzeý gijesi atly halkara çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ýörite sergi guraldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

18-nji maýda bolan çärä Täjigistanyň Medeniýet ministrliginiň we Duşenbe şäher häkimliginiň ýerine ýetiriji edarasynyň ýolbaşçylary, Täjigistanda akkreditirlenen daşary ýurtly Ilçiler, Täjigistanda bilim alýan türkmen talyplary we Duşenbe şäheriniň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, serginiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet we Ýaşlar Watanyň daýanjy atly kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Şeýle hem sergide Gahryman Arkadagyň eserleri, Magtymguly Pyragynyň dürli dillerdäki goşgularynyň ýygyndylary we türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi.

Serginiň çäklerinde türkmen halk sazlary we aýdymlary ýerine ýetirildi diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
Aşgabatda türkmen gobelen ussatlarynyň sergisi açyldy
Ahalteke bedewiniň gözelligine tapawutly iki garaýyş
ZENAN DÜNÝÄSINIŇ WASPY
Göreme Muzeýine 275 Müň 705 Adam Gelip Gördi
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Huseýin Awni Byçakly konserwatoriýada myhmançylykda bolmagy