Edebi-sazly döredijilik duşuşygy

Ýakynda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň bilelikde taýýarlamagynda, şahyr Nury Baýramowyň goşgusyna döredilen “Eý, mekdebim” aýdymyny ilkinji gezek ýerine ýetiren Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowa bilen 75 ýyllyk ýubileýi mynasybetli edebi-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Çagalyk ýyllarynda mekdebiň birinji synpynda okaýarka, kiçijik Annagül ilkinji gezek şahyr Nury Baýramowyň “Eý, mekdebim” aýdymyny ýerine ýetirip, şirin owazy bilen. çagajyklaryň kalbyna aralaşýar. Şol ýyllarda Annagül Gurdowa parahatlyk guşy bolan “Akja kepderi”, şeýle hem, “Sakarja geçi”, “Gülnara”, Kanalym, Pöwrizäm, Kiçi bilen geçi, Gar ýagýar, Jüýjelerim, Kömelek hem gülälek, Köşgüm bar ýaly birnäçe çagalar üçin aýdymlary aýtmak bilen birlikde, çagalar üçin gepleşikleri hem alyp barýar we deň-duşlaryna ýürekden hyzmat edip başlaýar.

Tutuş ömrüni aýdym-saz sungatyna bagyşlan halypa aýdymçynyň 75 ýyllyk ýubileýine eziz Diýarymyzda mahmal owazlary bilen halkymyza lezzet paýlaýan bagşylaryň, aýdymçydyr sazandalaryň jemlenen ýerinde geçirilen edebi-sazly döredijilik duşuşygyna dürli ugurlarda işleýan medeniýet we sungat işgärleri bilen bilelikde birnäçe halypa ýazyjy-şahyrlar, alymlar, şeýle-de Aşgabat şäherindäki Tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdebiň “Mukam” hor topary özleriniň taýýarlan aýdymlary bilen halypa aýdymçyny gutlamaga geldiler. Çünki Annagül Gurdowa çagalyk ýyllarynda aýdan ilkinji aýdymlaryny çagalara bagyşlapdy. Çagalar halypanyň aýdan aýdymlaryny köpçülik bolup aýdanlarynda, wagtlaýynça çagalyk dünýäsine syýahat eden halypa, özi hem duýmazdan okuwçylara goşulyp aýdym aýtdy.

Aýdyma oturan myhmanlaryň hem owazlary garyşyp gitdi.Bu gyzgalaňly tolgundyryjy pursat dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.Duşuşygyň başynda “Siziň üçin körpeler!” atly çagalar gepleşiginde Annagül Gurdowanyň ilkinji gezek ýerine ýetiren “Hüwdi” aýdymynyň goşgusyny ýazan ýazyjy, şahyr, dramaturg Hemra Şirow çykyş edip, gutlag sözlerini aýtdy.

Annagül Gurdowanyň ilkinji gezek aýdan mähriban enelerimize bagyşlanan “Deňeýän” aýdymynyň awtory hormatly şahyr zenan Bahargül Kerimowa gutlag sözleri bilen gyzykly pursatlary ýatlamalar bilen dowam etdirdi.Belli aýdymçymyz, Türkmenistanyň halk artisti Mähri Annageldiýewa, çagalar üçin birnäçe edep-terbiýe bilen bagly örän täsirli, gyzykly söhbetleri halkymyza ýetirýän alym zenan Gurbanjemal Ylýasowa, ýaş şahyr zenan Gurbanjemal Annakowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň halypa kitaphanaçysy Oguljemal Orazdurdyýewa, şirin labyzly aýdymlary bilen halkyň söýgüsine mynasyp bolan aýdymçy, hormatly il ýaşulusy Kakadurdy Täjimow, žurnalist, şahyr zenan Oguljennet Bäşimowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň işgäri, mirasgär Baýram Goçmyradow dagy gutlag sözleri bilen halypany gutladylar.

Geçirilen duşuşygyň ahyrynda medeniýetimize, sungatymyza sarpa goýýan Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
07.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda