Edebiýat habarlary

Booker-e eýe boldy. Şotland ýazyjysy Duglas Stýuartyň Şaggi Beýn atly ilkinji romany ýatlamalardan ybarat.Eserde 1980-nji ýyllarda Şaggi atly oglanjygyň syrkaw ejesine ýardam etmek üçin edýän tagallalary barada gürrüň berilýär.

Bu eser ýazyjynyň ýetginjeklik ýyllarynda aradan çykan ejesine bagyşlanýar.Duglas Stýuart Beýik Britaniýadan Nýu-Ýorka göçeninden soňra döredijilik bilen meşgullanyp ugraýar.Geçen ýylyň ahyrynda bu eser Booker baýragyna mynasyp boldy.

Gonkur baýragynyň awtory.Fransuz ýazyjysy Erwe Le Telýe Anomaliýa romanyny ýazanda bu işe alymlarça çemeleşmeli boldy. Çünki bilimlere, çuňňur pelsepä we wirtual dünýä baradaky çaklamalara esaslanýan bu eser adam ruhunyň syrly taraplary hakynda gürrüň berýär.

Le Telýeniň täze romany 2020-nji ýylyň ahyrynda Gonkur akademiýasynyň karary bilen Gonkur baýragyna mynasyp görüldi.Anomaliýa fantaziýa žanrynda ýazylan 300 sahypalyk romandyr.

Işewüriň maslahat beren kitaplary.Amerikan milliarderi Bill Geýts geçen ýylyň iň gowy kitaplaryny sanap geçdi.Ol köp sanly amerikan ýazyjylarynyň eserleriniň arasyndan, aşakdaky kitaplaryň göwnünden turandygyny belledi: Mişel Aleksandr Täze Jim Crow, Dewid Epşteýn Aralyk: Näme üçin uniwersallar hünär dünýäsinde ýeňiş gazanýarlar, Erik Larson Ýagşy we ýaman: Çerçilliň maşgalasy we Blits döwründe wepalylyk hekaýaty, Bijal P.

Triwedi, Duzdan dem almak: ylymda täze döwür we lukmançylygy özgerdýänler.

Ýylyň iň gowy kitaby.Russiýada Andreý Rubanowyň Algyr laçyn romany 2020-nji ýylyň iň gowy kitaby diýlip ykrar edildi.Geçirilen pikir soralşyklarda rus ýazyjysy Andreý Rubanowyň Algyr laçyn eseri iň köp okalan kitap bolup, Okyjy baýragy – 2020 atly edebi baýraga mynasyp boldy.

Kitaphana jemgyýeti tarapyndan döredilen bu baýrak özüniň 5-nji möwsüminde bütinrussiýa baýragyna öwrüldi.Bu esere diňe bir rus okyjylary däl, eýsem, GDA ýurtlarynyň elektron we audiokitaplar bazarynyň okyjylary hem ses berdiler.

The post Edebiýat habarlary appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“Booker” baýragy şotland ýazyjysyna berildi
Aşgabat syýahatçylygy maslahatlaşdy, synçylar ýurduň 'üzňelikde galýandygyny' aýdýarlar
Halkara “Buker”-iň gysga sanawy
“Buker”-iň uzyn sanawy yglan edildi
Ýeňijiler mälim edildi
“Buker” baýragynyň eýesi belli boldy