Edebiýat we sungat: Hyýaly giňişliklerden dörän ýadygärlikler we çeper hakykat

Edebiýat we sungat: Hyýaly giňişliklerden dörän ýadygärlikler we çeper hakykat

Bir bar ekeni, bir ýok ekeni diýip, başlaýan ertekiler ümmülmez hyýaly giňişliklere uzap gidýär. Gadym-gadym zamanlarda, aýdaly, bir aşygyň dagy ýaryp, geçen ýoly setirlerde ebedileşýär. Gadymy rowaýatlar, ertekiler we tymsallar dilden-dile, nesilden-nesle geçip, diri galýar. Halk döredijiliginiň muşdaklary edebi eserlerde keşdelenen hyýaly giňişlikleriň materiallaşmagyny kem görmeýär. Dünýäde hyýaly giňişliklerden dörän hakyky ýadygärlikler az däl.

Meselem, “Şasenem-Garyp” dessanyndan miras galan Şasenemiň galasy, hamala, asyrlaryň şaýady hökmünde, edebi eserdäki hyýaly giňişligi ýatladýar. Ýa-da bolmasa, Lebap welaýatynyň öňki Garabekewül etrabynda, Amyderýanyň sag kenarynda “Zöhre-Tahyryň” köşgi diýilýän bir gala bar.

Zöhre ýa-da Tahyr; Şasenem ýa-da Garyp hakykatdan-da bir döwür ýaşap geçipdirmi, ýa geçmändirmi, belli däl. Ýöne olaryň şanyna bina edilen galalar welin, asyrlaryň dowamynda diri galmagy başarypdyr.

Edebi eserlerdäki hyýaly giňişlikleriň maddylaşdyrylmagy halklaryň medeni mirasyny gorap saklamaga nähili ýardam berýär? Türkmenistanda ýa-da sebitde başga nähili hyýaly muzeýler bar? Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany şeýle soraglaryň jogaplaryna gönükdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Bilbil sahnada saýranda
Kompozitor Nury Muhadowyň doglan gününiň şanly senesine
Aşgabatda italýan artistleriniň gatnaşmagynda “Pagliacci” operasy goýulýar
Türkmeniň saýrak bilbili
Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Ýewropa nusgawy aýdym-sazlary, rus ýarmarkasy we türkmen dessany sazlaşykly ýaňlandy