Edita Pýeha 85 ýaşyny baýram etdi

Edita Pýeha 85 ýaşyny baýram etdi

SSSR-niň halk artisti, aýdymçy Edita Pýeha düýn 85 ýaşyny baýram etdi.

Ol 1937-nji ýylda Fransiýanyň demirgazygyndaky Nuaýel-su-Lans diýen şahtýorlaryň şäherjiginde, polýak maşgalasynda dünýä indi. Çagalygyndan aýdym-saz sungaty bilen gyzyklandy.

Edita Pýeha ilkinji gezek 1955 we 1956-njy ýyllarda Leningrad konserwatoriýasynyň talyplarynyň wokal topary bilen Täze ýyl agşamynda çykyş etdi, şonda polýak dilinde ýerine ýetiren Gyzyl awtobus diýen aýdymy Editany bütin şähere meşhur etdi. Ol şeýle-de ýerine ýetiren aýdymlary bilen birnäçe dokumental filmlerde çykyş etdi, 1956-njy ýylda ilkinji aýdym-saz albomy satuwa çykdy.

1957-nji ýylda Pýehanyň Dostluk aýdym-saz topary Moskwada geçen Bütindünýä ýaşlar we talyplar festiwalynda altyn medala mynasyp boldy. Onuň topary diňe bir owalky Sowet Soýuzynda däl, eýsem, Polşada, GFR-de, Finlýandiýada, Wengriýada, Awstriýada, Kubada, Gondurasda, Mongoliýada, ABŞ-da, Owganystanda bellidi.

Nusgawy aýdymçyny doglan güni bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin gutlady.

Ýene degişli makalalar

Türkmen küştçüleri Russiýanyň küşt täji festiwalynda reýtinglerini has-da ýokarlandyrdylar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisindäki çykyşy
Maýa goýum forumy — uzak möhletleýin durnukly ykdysady ösüş üçin möhüm meýdança
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi