Egeý deňzindäki gämi heläkçiliginde 14 adam ýogaldy

Egeý deňzindäki gämi heläkçiliginde 14 adam ýogaldy

Ýerli resmileriň maglumatyna görä, migrantlary alyp barýan ýokary tizlikli gaýyk Gresiýanyň Kenarýaka Gorag gullugynyň patrul gämisi bilen çakyşmagy netijesinde azyndan 14 adam ýogaldy.

ERT-niň Gresiýanyň Kenarýaka Gorag gullugynyň habar çeşmelerine salgylanyp beren habaryna görä, waka sişenbe güni agşam Hios adasyndaky Mirsinidi plýažynyň golaýynda boldy. Çaknyşykdan soň halas ediş toparlary deňizde 14 adamyň jesedini tapdylar.

Aralarynda 7 çaga we 2 göwreli zenan hem bolan ýaralanan migrantlar bolsa hassahanalarda bejergi astyna alyndylar.

Beýleki tarapdan bagryň ýarylmagy, öýkeniň çökmegi, dalagyň ýarylmagy we beýni şikesi ýaly agyr şikesleri alan dört migrantyň ýagdaýynyň bolsa agyrdygy habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Gara deňizde ýanan gäminiň ekipažyny halas etdi
Türkmenistanda az-kem ýagyş ýagmagyna garaşylýar
Ýurdumyzyň milli çempionaty tamamlandy
Wenesueal: ABŞ-nyň soňky nebit tankerlerini ele geçirmeği “halkara garakçylyk”
Türkmenistanda aram howa saklanar
Filippiniň günortasynda 350 ýolagçysy bolan paromyň batmagy sebäpli azyndan 15 adam ýogaldy