EIA: 2023-nji ýylda Türkmenistanda günde 0,27 million barrel nebit çykarylar

EIA: 2023-nji ýylda Türkmenistanda günde 0,27 million barrel nebit çykarylar

ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň Energetika Maglumat Dolandyryşynyň (EIA) habaryna görä, ýurtda nebit öndürmek baradaky çaklama öňki hasabat bilen deňeşdirilende üýtgemedi. EIA-nyň habaryna görä, şu ýyl Türkmenistanda nebit we beýleki suwuk uglewodorodlaryň her çärýekde öndürilişi bir günde 0,27 million barrele barabar bolar diýip, Trend.azhabar berýär.

Çaklamalara görä, 2024-nji ýylda Türkmenistan günde 0,27 million barrel nebit öndürer. Çig malyň her çärýekde öndürilişi hem degişlilikde 0,27 million barrele barabar bolar.

Resmi maglumatlara görä, 2021-nji ýylda Türkmenistanda nebit önümçiliginiň umumy mukdary 8,9 million tonnadan gowrak bolup, munuň özi ondan bir ýyl öňküden (9,6 million tonna nebit) 7,3 göterim azdyr.

Türkmengaz döwlet konserniniň maglumatyna görä, ýurduň uglewodorod baýlyklarynyň 71 milliard tonnadan gowrak nebit ekwiwalentine deňdir. Bu görkeziji 20 milliard tonnadan gowrak nebiti we 50 trillion kub metrden gowrak tebigy gazy hem öz içine alýar.

Ýene degişli makalalar

Eýran Türkmenistana nebitden daşary 313 müň tonna haryt eksport etdi
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 5,55 milliard dollar boldy
Dünýäniň iň bäsdeş ykdysadyýetleri
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 5,55 milliard dollar boldy
Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär
Hazaryň kenarynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň täze binalar we desgalar toplumy açyldy