Ekspert: Türkmenistanyň baş diplomaty daşary syýasatyň ugurlaryny deňagramlaşdyrmak “ üçin Russiýa sapar edýär“

Ekspert: Türkmenistanyň baş diplomaty daşary syýasatyň ugurlaryny deňagramlaşdyrmak “ üçin Russiýa sapar edýär“

“TDH-nyň beren maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň DIM-ri Reşit Meredow 30-njy martdan 2-nji aprel aralygynda Russiýa resmi iş saparyny edýär.

29-njy martda prezident Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçen hökümet maslahatynda DIM Meredow bilen birlikde türkmen-orsýet hökümetara komissiýasynyň maslahatyna premýer-ministriň orunbasary, Ýokary kontrol öýüniň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşjakdygy belli boldy.

R.Meredow Orsýetli kärdeşi S.Lawrow bilen gepleşikler geçirer we GDA ýurtlarynyň DIMleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşar.

Türkmen eksperti Serdar Aýtakowyň Russiýanyň Nezawisimaýa gazýetasyna“ beren kommentariýasynda çaklamagyna görä, Meredow Orsýede daşary syýasatyň ugurlaryny deňagramlaşdyrmak “ üçin barýar.

Aýtakowyň pikiriçe, Türkiýe Merkezi Aziýada pozisiýalaryny pugtalandyrýar.Hut şonuň howandarlygynda Türkmenistan we Azerbaýjan Hazardaky nebit-gaz ýatagyny paýlaşmak boýunça ylalaşyp, 30 ýyl çemesi dowam eden jedeliň soňuna çykdylar.

Şeýlede Ankara Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk bileleşigini Türkmenistanyň hasabyna giňeltmegi göz öňünde tutýar. Emma, Türkmenistan bitaraplyk durumyna salgylanyp bileleşige girmegi haýallatýar.

Türkiýe Türkmenistanyň bileleşige agza bolmagynyň amatly taraplaryny ynandyrmaga synanyşmakdan ötri, aglabasynyň pasportynyň möhleti gutaran türkmen migrantlaryny ýurtdan köpçülikleýin çykarjakdygyny ýaňzytýar we hatda iki ýurduň arasynda howa ýollary arkaly uçuşlary täzeden ýola goýmagy talap etdi.

Zähmet migrantlarynyň arasynda Türkmen häkimiýetlerine garşy protestler artýar we bularyň Aşgabady rahatsyz etmezligi mümkün däl “ diýip Aýtakow aýdýar.

Aşgabat Ankaranyň haýbatlaryny örän möhüm kabul etdi we gyssagly ýagdaýda Türkmenabatda karantin zonalary açmaga başlady.

Türkiýeden getirilen raýatlar diňe bir koronawirus synagyndan geçirilmän,olaryň ygrarlylygy hem barlanar. Munuň üçin ýurda getirilen kompiýuterleriň we telefonlaryň içini barlamak üçin ýörite enjam taýýarlandy diýip ekspert belleýär.

Elbetde, Türkmen häkimiýetleri Türkiýäniň nobatdaky gezek Merkezi Aziýa aralaşmak we ýakyn geljekde Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk Geňeşi görnüşinde Türkiýä tarapdar blok döretmek, şeýle hem onuň özboluşly bir syýasy ýa-da harby bileleşik görnüşine eýe bolmak ähtimallygy bilen baglanyşykly synanyşyklaryna Russiýa tarapynda dörejek aladalara örän gowy düşünýärler.

Şeýlede türkmen häkimiýetleri Türkiýäniň sebitde işjeňliginiň ösmeginden we öz agalygyny pugtalandyrmaga synanyşyklaryndan, diýmek, içeri we daşary syýasaty iň azyndan düzetmek ýa-da olara täsir etmek ähtimallygyndan juda gorkýarlar “ diýip ol nygtaýar.

Şeýlelikde, Reşit Meredowyň Russiýa sapary bir tarapdan Türkmenistanyň Türkiýe bilen integrasiýa şol sanda, Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk Geňeşi boyunça taslamalary ösdürmegi göz öňünde tutmaýandygyny Moskwa görkezse, beýleki tarapdan, Aşgabady künjege gysmagyň“ gerek däldigini we aşa açyk basyşlar edilen wagtynda türkmen häkimiýetleriniň kömek sorap biljek başga daýançlarynyň bardygyny Ankara bildirmekden ybarat diýip türkmen eksperti Serdar Aýtakow aýdýar.

Ýene degişli makalalar

'Zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär (2-nji bölüm)
'Zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär (3-nji bölüm)
Russiýanyň 'Nezawisimaýa Gazeta' neşiri Gurbanguly Berdimuhamedowa hüjüm etmekde günälendi
Synçy: Berdimuhamedowyň MA saparlary sebitde türk täsirine garşylygyň döreýän pursatyna gabat gelýär
12-nji ýanwarda 'çetine deglen' adamlar taryhy hakykatyň aýdylmagyny isleýär
Türkmenistanda unudylýan’ döwlet terrorynyň başlananyna 80 ýyl boldy