El hünäri kämil terbiýäniň özeni

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda El hünäri kämil terbiýäniň özeni ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.Gürrüňdeşlikde ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerimiz bolan milli baýlygymyz asyrlardan aşyp, biziň bagtyýar döwrümize gelip ýetip, milli sungatymyz has-da baýlaşdyrylyp, gelin-gyzlaryň kalbyna siňenligi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyzyň pähim-paýhasyndan, çeper elli ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň zehin-yhlasyndan kemala gelen nepis halydyr, gülli keçeleri, sünnälenip nagyşlanan milli lybaslary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze öwüşgine eýe bolýandygy barada söhbet etdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy aýawly saklap, geljekki nesillere ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Ahalteke bedewi türkmeniň buýsanjy hem şöhraty
Türkmen sungaty dabaralanýar
Ýurtlary ýakynlaşdyrýan medeniýet
Ýaňlan, Diýarym! 2026 telebäsleşiginiň hoş owazlary Balkan topragynda belentden ýaňlandy
Jana şypaly hem sapaly Awaza şypahanasy
Kitaplar dünýäsine wirtual syýahat: Türkmenistanda kitaphana ulgamynyň sanly özgertmeleri işjeň ösdürilýär