Elektrik energiýaly täze welosiped

Elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglary öndürýän EAV şereketi ýükleri salgysyna eltmäge niýetlenen täze üýtgeşik welosipedini tanyşdyrdy. “Project 1” atly elektrik energiýasy bilen işleýän welosipediň önümçiligi ýola goýulmadyk hem bolsa, “DPDgroup UK” atly şereket ulagyň täze görnüşini sargyt etdi. “New Territory” firmasy bilen bilelikde taýýarlanan welosipediň dizaýny üýtgeşik bolup, ol motosikl bilen daşalýan ýüküň daşalmagyna niýetlenipdir.

Dört tigirli ulag adaty welosiped ýaly dolandyrylýar.Belli bir tizlikde sürmek üçin onuň elektrikli motoryny işletmäge zerurlyk duýulmaýar.Welosipedlere niýetlenen ýollara hem sygýan bu ulaga islendik zarýad beriş nokadyndan zarýad berip bolýar.

Ulagyň ýük göterijiligi 150 kg barabar bolup, onuň bagažynda 6 gapyrjaga niýetlenen bölüm bar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda 2018-nji ýylda azyklaryň we harytlaryň bahalarynyň üýtgeýiş depgini
Indi demir ýol peteklerini poçta bölümlerinden hem satyn alyp bolýar
27.08.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapur Respublikasyna döwlet sapary
26.08.2019 | Türkmenistan — Singapur: işewür toparlaryň hyzmatdaşlygynyň geljegi
Türkmenistan-Singapur: köpugurly hyzmatdaşlygyň berk binýady
Geljegiň jemgyýetçilik ulagy “Hyperloop” adamly synagdan geçirildi