“Nissan” kompaniýasy “Nissan Sakura” atly täze elektroulagyny tanyşdyrdy. Ýaponiýada kiçi göwrümli elektroulaglar “Kei Car” atly aýratyn klasa degişli hasaplanýar. Şäher içinde sürmäge niýetlenen bu ulag awtomatlaşdyrylan aýratynlyklary bilen hem sürüjisine ýeňillik döredýär. Täze elektroulag bir gezekki zarýady bilen 180 kilometr ýol geçip bilýär.
“Nissan” kompaniýasy barha ýitileşýän elektroulag bazaryndan has köp paý almak isleýär. Demirgazyk Amerikada we Ýewropada adaty ululykdaky elektroulaglara has köp isleg bildirilýän bolsa, Hytaýda we Ýaponiýada şäher ilatynyň gürlügi sebäpli kiçi göwrümli elektroulaglar has köp satylýar. Bu ulaglar bahasynyň amatly bolmagy hem tapawutlanýar.
Röwşen Begenjow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby
