Elektroulag kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyny artdyrýar

Dünýäniň iň uly elektron enjamlaryny öndüriji kompaniýalarynyň biri bolan “Foxconn” elektroulag kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyny artdyrýar. “Apple” kompaniýasynyň mobil enjamlaryny hem öndürýän taiwan brendi ABŞ-nyň “Lordstown Motors” kompaniýasy bilen 170 million dollarlyk şertnama gol çekdi.

Bu amerikan brendi elektroulag önümçiligi bilen meşgullanýar. “Foxconn” häzirki wagtda awtoulag öndürijileri bolan “Fisker” we “Stellantis” bilen hem hyzmatdaşlyk edýär. Şertnamanyň çäklerinde “Foxconn” amerikan brendinde paýnama satyn aldy. Şertnama tamamlanandan soňra, “Lordstown”-daky paýnamalaryň 18,3 göterimine “Foxconn” eýeçilik eder.

Geçen ýyl amerikan brendiniň Ogaýo ştatynda elektrik energiýasy bilen işleýän ýeňil ýük ulaglaryny öndürýän zawodyny “Foxconn” satyn alypy. Bu ýerdäki önümçilik şu ýylyň sentýabrynda ýola goýlupdy.

Hangylyç Kakalyew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

“Apple” Hindistanda “iPhone 15”-iň önümçiligini ýola goýdy
“Apple” sentýabrda täze “iPhone 15” smartfonlary bilen tanyşdyrar
Apple Hindistanda zawod gurar
"Flying Fox" ýahtasy Mugla welaýatyna geldi
Dünýäde ilkinji “dik” ýyladyşhana açyldy
Made in India: Hindistanda iPhone 13 öndürilip başlandy