Elektroulag öndürijisi üç sany zawod gurar

Elýeterli bahadan elektroulag öndürýän Germaniýanyň “Next.e.GO Mobile” kompaniýasy geljek iki ýylyň dowamynda önümçiligini artdyrmak, şäher içinde sürmäge niýetlenen kiçi göwrümli elektroulag önümçiligini ýola goýmak üçin Ýewropada we ABŞ-da üç sany täze zawod gurar.

Uly bolmadyk önümçilik desgalarynyň biri 2024-nji ýylda Demirgazyk Makedoniýada işe giriziler.Häzirki wagtda kompaniýanyň Germaniýada bir zawody bar.Kompaniýanyň ýolbaşçysy Ali Wezwaeý Ýewropada ýene bir zawod guruljakdygyny aýtdy.

Mundan başga-da ABŞ-da elektroulag öndürijilere berilýän goldawdan peýdalanyp, bir zawod guruljakdygyny mälim etdi.Wezwaeý kiçi göwrümli her bir zawody gurmagyň 60 million dollara düşýändigini, olaryň ýokary derejede awtomatlaşdyrylandygyny, her ýylda 30 müň elektroulag öndürip bolýandygyny aýtdy.

Häzirki wagtda kompaniýanyň Germaniýanyň Ahen şäherindäki zawodynda öndürilýän dört orunlyk “e.Wave X” atly elektroulaglar 24 müň 990 ýewrodan satylýar.

Yhlasmyrat Agamyradow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Şu gün ÝHHG-niň başlygynyň Aşgabada sapary başlanýar
Türkmenistanyň Prezidenti Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
Türkmenistanyň Mejlisinde Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri kabul edildi
ÝHHG-niň başlygy guramanyň Aşgabatdaky Merkeziniň täze binasyna baryp gördi
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň başlygy Buýar Osmanini kabul etdi
Türki döwletleriň gün tertibindäki wakalar